Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Belarus, pandemiýa garamazdan, awgust aýynda prezident saýlawlaryny geçirmek kararyna geldi

Ýurduň awtoritar prezidenti Aleksandr Lukaşenkanyň koronawirus pandemiýasynyň howpuny peseltmek synanyşyklarynyň arasynda, Belarus indiki prezident saýlawlarynyň 9-njy awgustda geçiriljekdigini yglan etdi.


Saýlawyň geçiriljek senesi 8-nji maýda, mejlisiň aşaky palatasy tarapyndan tassyklandy.


Öňki sowet respublikasyna 1994-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän Lukaşenka altynjy möhlete gaýtadan prezident saýlanmak islegini mälim etdi. 


Lukaşenka noýabr aýynda 2025-nji ýylda hem wezipesinde saklanyp biljekdigini aýtdy we "men ölüp sowan ellerim bilen oturgyjyma ýapyşmaryn" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.


Belarus 2004-nji ýylda geçirilen referendumda prezidentlik möhletiniň çäklendirmelerini ýatyrdy.


Lukaşenkanyň garşysyna kimiň dalaş etjekdigi entek belli däl.


Oppozisiýa syýasatçysy Ýuriý Gubarewiç saýlaw geçirmek baradakykarary tankytlap: "9-njy awgust senesi [Lukaşenkanyň] syýasy garşydaşlarynyň ählisini ýok edýär" diýdi.


Saýlaw kampaniýasy "koronawirus epidemiýasynyň iň ýokary derejesine" düşer we dalaşgärleriň goldaw gollaryny ýygnamagyny kynlaşdyrar diýip, ol Facebookda ýazdy.


Belarus 8-nji maýda 20168 koronawirus näsagynyň hasaba alnandygyny we 116 adamyň ölendigini habar berdi. Emma muňa garamazdan, ýurt petikleme girizmedi we köpçülikleýin çäreleri geçirmegi dowam etdirýär.


Lukaşenka koronawirusyň beýleki gyş dümewlerinden erbet däldigini birnäçe gezek öňe sürdi. Şeýle hem, ol wirusdan gaça durmak üçin arak içmek we bug hammamyny almak ýaly şübheli maslahatlary berdi.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.


Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus