Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Gürjüstanyň ozalky prezidenti Mihaýil Saakaşwilä ukrain hökümetiniň reformarlar boýunça wise-premýeri wezipesini hödürledi. Bu barada çarşenbe güni Saakaşwiliniň özi Facebook hasabynda ýazgy galdyrdy.
Saakaşwiliniň sözlerine görä, ol bu meseläni eýýäm premýer-ministr Denis Şmygal bilen maslahatlaşypdyr. Saakaşwili bu teklibi “uly hormat” atlandyryp, saýlawlar döwri Zelenskiýi goldandygyny hem belläp geçdi. Ol “Ukrainanyň gelejegi üçin Zelenskiýiň toparyna uly umyt baglaýandygyny” hem nygtady.
2015-nji ýylda Ukrainanyň şol wagtky prezidenti Petro Poroşenko Saakaşwilini Odessa oblastynyň hökümet administrasiýasynyň başlyklygyna belledi we oňa ukrain raýatlygyny berdi. 2017-nji ýylda ol bu iki kararyny-da ýatyrdy.
Şol ýylyň sentýabrynda Saakaşwili öz tarapdarlary bilen Ukraina girdi we Poroşenkonyň wezipeden çekilmegini talap etdi. Oňa ýurduň çäklerine girmek gadagan edildi. Saakaşwili raýatlykdan mahrum edilmeginiň we ýurda girmegine gadagançylygyň girizilmeginiň bikanun hereketler bolandygyny aýtdy. 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Wolodymyr Zelenskiý oňa raýatlygy gaýdyp berdi.
Saakaşwiliniň kandidaturasyny Ýokarky rada makullamaly. Munuň anna güni, 24-nji aprelde geçiriljek mejlisde boljakdygyna garaşylýar.