Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad Katarda "Talybanyň" ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäginde Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tarapyndan ABŞ bilen “Talybanyň” arasynda gol çekilen parahatçylyk şertnamasyny durmuşa geçirmekdäki "häzirki kynçylyklar" diýlip häsiýetlendirilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
13-nji aprelde Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen gepleşikler, Talyban bilen owgan hökümetiniň arasyndaky tussaglaryň ilkinji alyş-çalşygyndan soň, Waşington tarapyndan yglan edildi.
“Talybanyň” Dohadaky edarasynyň metbugat wekili Suhail Şahiniň aýtmagyna görä, Halilzad we Birleşen Ştatlaryň armiýa generaly Skot Miller (Scott Miller) Owganystandaky “Talyban” toparynyň esaslandyryjylarynyň biri Mullah Abdul Gani Baradar bilen duşuşdylar.
Şahin iki tarapyň ABŞ-nyň goşunynyň Owganystandan tapgyrlaýyn çykarylmagy üçin 29-njy fewralda Birleşen Ştatlar bilen “Talybanyň” arasynda gelnen ylalaşygy “doly ýerine ýetirmek” barada maslahat edendigini aýtdy.
Şahin olaryň "tussaglaryň boşadylmagynyň gijikdirilmegi” barada hem maslahat edendigini belledi.
Halilzad Kabul we “Talyban” tarapyndan tussaglaryň alyş-çalşygynyň başlanmagyny Owganystanyň hemişelik parahatçylyk şertnamasy baradaky gepleşikler üçin "möhüm ädim" diýip atlandyrypdy.