Halkara pul gaznasy (HPG) gurama agza 25 garyp döwletiň karz ýeňilleşdirmek hyzmaty bilen dessine üpjün ediljekdigini aýdýar. Gazna munuň olaryň koronawirus pandemiýasyna garşy has köp maliýe resurslary bilen göreşmegi üçin amala aşyrylýandygyny belleýär.
Halkara pul gaznasynyň dolandyryjy direktory Kristalina Georgiýewanyň aýtmagyna görä, 13-nji aprelde HPG-niň ýerine ýetiriji geňeşi Halkara pul gaznasynyň öňündäki karz hyzmat borçnamalarynyň ilkinji alty aýyny ýapmak üçin grant aljak ýurtlaryň birinji toparyny tassyklady.
Bu topar Owganystany, Täjigistany we Ýemeni, şeýle-de bergiden ejir çekýän Afrika hem-de Aziýa ýurtlaryny öz içine alýar.
Gergiýewa HPG-niň Betbagtçylygyň netijelerinde saklanmak we ýardam bermek fondunda häzirki wagt 500 million amerikan dollary möçberinde serişdäniň bardygyny aýtdy. Ol munuň Britaniýadan $185 million, Ýaponiýadan $100 million möçberdäki serişdäni we Hytaýdan, Niderlandlardan hem-de beýleki ýurtlardan aýdyňlaşdyrylmaýan mukdardaky täze wadalary öz içine alýandygyny hem belledi.
Halkara pul gaznasy özüniň elýeterli serişdesini 1,4 milliard amerikan dollaryna ýetirmäge synanyşýar.
Jon Hopkins (Johns Hopkins) uniwersitetiniň 14-nji aprelde irden çap eden maglumatyna görä, dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 1,9 milliondan geçdi we bu wirusdan 119000-den gowrak adam öldi.