Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow problemalary agzamazdan, oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky iş maslahatyny geçirip, beýleki meseleler bilen bir hatarda, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


TDH-nyň habaryna görä, 24-nji fewralda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.


Maslahatyň dowamynda türkmen prezidenti häkimlere maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmegi, şeýle hem kartoşkanyň, ýagny ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini öz wagtynda tamamlamagy tabşyrdy.


Berdimuhamedow ýurtda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ekiş möwsümine ýokary taýýarlyk derejesiniň üpjün edilmelidigini hem aýtdy.


Prezidentiň bu çykyşy, Lebapda kärendeçileriň döwlet tarapyndan üpjün edilmeli tohumlyk kartoşkany öz hasaplaryna satyn almaly bolýandygy we serdarly çarwadarlaryň ýurduň maldarçylyk pudagyndaky şertlerden şikaýat edýändigi barada habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.


Muňa garamazdan, prezident Berdimuhamedowyň we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda bu problemalar agzalmady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus