Tanymal gazak aktiwisti Aghadil tussaglykda saklanýan mahaly aradan çykdy
Nur-Sultanyň polisiýa departamentiniň 25-nji fewralda beren maglumatyna görä, wakadan bir gün öň 43 ýaşyndaky Aghadil hasabat bermek baradaky düzgüni bozandygy üçin deslapky tussaghana ýerleşdirildi we sudy sylamazlykda aýyplandy.
Beýanatda aktiwistiň 24-nji fewralda giçlik tussag edilen mahaly serhoşdygy we onuň ençeme sagat soň ýürek näsazlyklaryndan ölendigi aýdylýar.
24-nji fewralda giçlik Aghadiliň dostlary Facebook sosial ulgamynda wideo çap etdiler. Wideoda raýat egin-eşigindäki adamlaryň Aghadili öýünden zorluk bilen çykarýandygyny, onuň elini gandallap alyp gidýändigini görse bolýar.
Polisiýanyň köpçülige ýaýradan beýanatynyň yzýany, Aghadiliň onlarça tarapdary ýurduň Içeri işler ministrliginiň öňünde ýygnanyp, aktiwistiň ölümi barada has jikme-jik maglumat bermegi talap etdi.