Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

AI: Eýran protestlerden soňky ‘ýowuz’ repressiýada müňlerçe adamy tussag etdi

Amnesty International guramasy geçen aý Eýranda geçirilen ählihalk protestleriň yzýany, ýurduň häkimiýetleriniň “ýowuz repressiw kampaniýany” dowam etdirýändigini aýdýar. Eýrandaky protestlerde azyndan 304 adam ölüpdi.


Düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramanyň 16-njy dekabrda çap eden beýanatyna görä, häkimiýetler “olaryň [protestçileriň] Eýranyň ynsapsyz repressiýasy barada gürlemegini togtatmak üçin” protestçileriň, žurnalistleriň, adam hukuklaryny gorap çykyş edýänleriň we studentleriň müňlerçesini tussag etmek arkaly “ýowuz repressiýany” amala aşyrýar.


“Waka şaýat bolanlaryň gorkunç şaýatnamalarynda aýdylmagyna görä, Eýranyň häkimiýetleri ählihalk protestlerine gatnaşan ýüzlerçe adamy öldürenden soňra, giň gerimli repressiýany guramalaşdyryp başladylar” diýip, guramanyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça derňew direktory Filip Lýuter (Philip Luther) aýtdy.


Noýabryň ortalarynda Eýranyň hökümeti benziniň bahasynyň ýokarlandyrylýandygyny yglan edensoň, ýurduň dürli künjeginde protestler geçirildi. 


Amnesty International guramasy “garaşsyz çeşmelere” salgylanyp, Eýranyň “howpsuzlyk güýçleriniň adamlary öýlerinde we iş ýerlerinde tussag etmek üçin ýurduň dürli künjeginde heniz hem reýdleri geçirýändigini” habar berýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus