Halilzad Pakistana sapar edýär
Pakistanyň döwlet mediasynyň maglumatyna görä, Halilzad Yslamabadyň parahatçylyk gepleşiklerini ilerletmek boýunça tagallalaryna gowy baha beripdir.
Pakistanyň we onuň gizlin gullugynyň jeňçi toparyna uly täsir ýetirýändigi aýdylýar.
Geçen hepde Halilzad Kataryň paýtagty Dohada “Talyban” bilen gepleşikleri ýaňadandan başlapdy.
Bu mundan üç aý ozal prezident Donald Trampyň Owganystandaky 18 ýyllyk urşy soňlamak ugrundaky gepleşikleri togtatmagynan soň taraplaryň geçiren ilkinji duşuşygy boldy.
Şol bir wagtda, 11-nji dekabrda Halilzad, “Talybanyň” ABŞ-nyň Owganystandaky harby bazasyna eden hüjüminden soň, gepleşiklere “gysga wagtlyk arakesme” berlendigini aýtdy.