Günorta Owganystanda ýapon kömek işgärini alyp gelýän awtoulagy oka tutan ýaragly adamlar ony agyr ýaralap, bäş owgany öldürdiler diýip, ýerli resmiler aýdýar.
Nangarhar welaýatynyň sözçüsi Attaullah Khogyani AÝ/AR-a bu hüjümiň 4-nji dekabrda irden, welaýat paýtagty Jalalabatda bolandygyny aýtdy.
Ýaponiýanyň hökümetden aýry “Parahatçylyk ýapon saglyk hyzmaty” guramasyna ýolbaşçylyk edýän doktor Tetsu Nakamura agyr ýaralandy.
Öldürilenleriň arasynda onuň janpenalary we sürüjisi hem bar.
Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.
Nakamura Nangarhar welaýatynda Ýaponiýanyň hökümetden aýry guramasyna ýolbaşçylyk edýär.
Ol bu welaýatda on ýyldan gowrak wagt bäri işleýär we golaýda prezident Aşraf Gani tarapyndan hormatly owgan raýatlygy bilen sylaglandy.