ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we onuň aklawçylary şu hepde Demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller Öýünde geçirilýän impiçment diňlenişigine gatnaşmazlar. Bu barada Ak Tam maglumat berýär.
Ak Tamyň geňeşçisi Pet Sipollon (Pat Cipollone) Wekiller Öýüniň Adalat komitetine ýollan hatynda diňlenişikde “gerekli prosesiň we fundamental dogruçyllygyň ýetmezçilik edýändigini” aýtdy.
Diňlenişikde Trampyň Ukraina harby kömegiň berilmegini bökdemek bilen Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiýden 2020-nji ýylda boljak saýlawlarda öz garşydaşy Joe Baýden we onuň ogly Hanter babatynda derňew geçirmegi sorap-soramandygyna seredilýär.
Tramp özüniň bikanun hereket etmändigini aýdýar.