Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Eýran oppozisioneri Musawi ýokary lider Hameneýini agdarylan şa bilen deňedi

Eýran oppozisioneri Mir Hossein Musawi, halk protestleri gazaply basylyp ýatyrylandan soň, ýokary lider aýatolla Ali Hameneýini Eýranyň 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasy mahalynda tagtyndan agdarylan merhum şasyna deňedi. 


Onuň bellikleri 30-njy noýabrda, Tähranda we beýleki şäherlerde bolan köçe protestleriniň güýç bilen basylyp ýatyrylmagynyň yzysüre, oppozision “Keleme” websaýtynda çap edildi. 


“Amnesty International” guramasy geçen aýdaky protestler gýüç bilen basylyp ýatyrylanda öldürilendigi tassyk bolan adamlaryň sanynyň azyndan 161 bolandygyny aýdýar. 


Eýranda iň ýokary häkimiýete eýe bolan Hameneýi ol protestlere at dakdy we olar bilen bagly ýowuzlygy “örän howply dildüwşügiň” üstüne atdy, hökümet bolsa olary özüniň daşary ýurtlarda bosgunlykda ýaşaýan garşydaşlary we öňden gelýän duşmanlary bolan ABŞ, Ysraýyl we Saud Arabystany bilen baglanyşykly “kellekeserler” hökmünde häsiýetlendirdi. 


“Human Rights Watch” (HRW) guramasy Tähranyň ýangyç bahalarynyň gymmatlamagy üstünde turan wehökümete garşy gozgalaňa öwrülip, birnäçe gün dowam eden köçe protestlerine goşulanlara garşy görlen ýowuz çäreleriň netijelerini “bilkastdan bassyr-ýussur edendigini” aýtdy. 


Musawi 1978-nji ýylyň sentýabryndaky “Gara annany”, eýran şasynyň esgerleri tarapyndan amala aşyrylan gyrgynçylygy, soň munuň jemagat goldawyny güýçlendirip, günbatar tarapyndan goldanylýan şa Muhammet Reza Pahlawiniň tagtyndan agdarylmagyna alyp gelendigini ýatlatdy.


"1978-nji ýylda adamlary öldürenler dini däl režimiň wekilleridi, 2019-njy ýylyň noýabryndaky agentler we atyjylar dini hökümetiň wekilleri boldy” diýip, ol aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus