Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Wikipediýada Berdimuhamedow baradaky makala täzelenenden soň, ol Türkmenistanda petiklendi

Mugt onlaýn ensiklopediýanyň petiklenendigi barada Turkmen.news neşiri habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, bu Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baradaky makalanyň ýakynda täzelenmegi bilen bagly.


Neşir öz çeşmelerine salgylanyp, saýtyň mundan birnäçe gün ozal petiklenendigini aýdýar. Mundan öň, 5-nji noýabrda Berdimuhamedow baradaky makala “Şahsyýeti we garaýyşlary” diýen täze bir bölüm goşuldy. Onda Wikileaks-de türkmen lideri barada çap bolan onçakly öwgüli bolmadyk materiallar ýerleşdirildi.




Bellesek, mundan öň Türkmenistanda Wikipediýa petikli däldi. Şol bir wagtda, onlaýn ensiklopediýanyň petiklenmegine sebäp bolandygy aýdylýan makalada ozal hem Berdimuhamedow hakynda tankydy maglumatlar bardy.


Alexa analitik saýtynyň maglumatlaryna görä, Wikipediýa Türkmenistanda iň köp girilýän saýtlaryň biridir.




Türkmen häkimiýetleri garaşsyz maglumatlary berk çäklendirýärler. Ýurtda Azatlyk Radiosynyň we beýleki onlarça media serişdeleriniň saýtlary petiklidir.


Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň dünýädäki metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça 2019-njy ýylyň aprelinde çap eden soňky ýyllyk hasabatynda-da Türkmenistan bu ugurda dünýäde 180 ýurduň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus