Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Uýgur biznesmeni Türkiýede öldürilmezinden öň žurnalistlere Gyrgyzystandaky korrupsiýanyň subutnamalaryny berdi

Gyrgyzystan bilen bagly biznesmen şu aýda Türkiýede atylyp öldürildi, ýöne ol mundan öň žurnalistlere gizlinlikde Gyrgyzystanyň gümrük gullugyndaky korrupsiýanyň we ýurtdan uly möçberde nagt pul çykarmagyň subutnamalaryny berdi.


Bu barada AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugynyň, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň, Gyrgyzystanyň Kloop habar neşiriniň bilelikde geçiren täze derňewinde habar berilýär.


Hytaýly etniki uýur, 37 ýaşyndaky Aierken Saimaiti 10-njy noýabrda Stambulda atylyp öldürilmezinden öň Gyrgyzystanyň ozalky gümrük başlygyny we kölegedäki uýgur biznes guramasyny, harytlaryň dokumentlerini galplaşdyrmak we salgytdan gaçmak arkaly, bikanun shemalar esasynda millionlarça dollar gazanmakda aýyplady.


Saimaiti Gyrgyzystandan 2017-nji ýylda, öz aýtmagyna görä, öz howpsuzlygyny alada edip gaçdy. Ol žurnalistlere ýüzlerçe million dollaryň nähili usullar arkaly Gyrgyzystandan çykarylyşyny görkezýän ýüzlerçe dokument berdi. Ol daşaryk çykarylan serişdeleriň uly böleginiň pul ýuwmak bilen baglydygyny aýtdy. 


Bu pullaryň köp bölegi Hytaýda doglan, gazak pasportly uýgur Khabibula Abdukadyr tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramanyň gaznasyna girdi.


Abdukadyryň maşgala agzalary, gümrük gullugy we gyrgyz kanun goraýjylary düşündiriş sorap edilen talaplara jogap bermediler.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus