Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan dini ynanjy esasynda harby gullukdan boýun towlan 9 adamy tussaglykda saklaýar

Aşgabat şäher sudy 29-njy oktýabrda 18 ýaşyndaky ýehowa şaýady Dawid Petrosowyň we Selim Taganowyň dini ynançlary esasynda hökmany harby gullukdan boýun gaçyrandyklary sebäpli berlen bir ýyl türme tussaglyklary zerarly eden şikaýatlaryny ret etdi diýip, dini habarlary çap edýän “Forum 18”  agentligi habar berýär. 


Neşiriň maglumatyna görä, häzir Türkmenistanda ynanjy sebäpli goşun gullugyndan boýun gaçyrandan soň türmä basylanlaryň sany dokuz adam, olaryň altysy şu ýylda türmä basyldy.


BMG Türkmenistanyň 2013-nji ýylda dini ynançlary esasynda goşun gullugyndan boýun gaçyran adamlaryň üç sanysyny türmä basyp, olaryň hukuklaryny basgylandygyny aýtdy.


Sentýabryň aýagynda we oktýabryň başynda türkmen paýtagtyndaky sudlar ýehowa şaýatlarynyň ýene ikisine, harby gullukdan boýun gaçyrandyklary üçin, bir ýyldan türme tussaglygy hökümini çykardy.


Dawid Petrosow we Selim Taganow, ikisi hem 18 ýaşynda, harby komissarlykda özleriniň alternatiw esaslarda, siwil gulluk etmek isleýändiklerini aýtdy. 


Olar häzir Ýaşlyk derňew tussaghanasynda saklanylýar, ýöne basym türmä iberilmeklerine garaşýarlar diýip, “Forum 18” habar berýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus