Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

AÝ/AR-nyň prezidenti Ukrainada žurnalistleriň şahsy maglumatlarynyň paş edilmek haýbatyny ýazgarýar

AÝ/AR-nyň prezidenti ukrain parlamentiniň ozalky deputaty Andriý Portnowyň kompaniýanyň sürüjisi hakynda şahsy maglumatlaryň üstüni açmagyny we AÝ/AR žurnalistleriniň şahsy maglumatlaryny çap etmek haýbatyny atmagyny ýazgaryp çykyş etdi.


“AÝ/AR Ukrain gullugynyň “Shemalar” programmasynyň žurnalistleriniň we işgärleriniň golaýdaky ýanalmalaryny berk ýazgarýar” diýip, AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaý 2-nji noýabrdaky beýanatynda aýtdy.


"Bu kabul ederlik däl, şeýle-de görnüşinden, Ukrainada islendik adamyň şahsy maglumatlarynyň üstüniň açylmagy, fiziki zyýan ýetirmek haýbatynyň atylmagy, ýa-da žurnalistlere öz professional işleri üçin başgaça görnüşde basyş görkezilmegi bikanun bolup durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. 


Bu beýanat Portnow öz telegram hasabynda, bu programmanyň Portnowy we onuň häzir ukrain hökümetinde işleýän resmiler bilen edýän gatnaşyklaryny derňeýändigi sebäpli, “Shemalar” programmasynyň önümçilik toparynda sürüji bolup işleýän adamyň şahsy maglumatlaryny çap edeninden bir gün soň edildi.


Portnow “Shemalar” programmasynyň žurnalistleri we beýleki işgärleri barada hem şu hili şahsy maglumatlary çap etmek haýbatyny hem atdy. 


Portnow ozal häkimiýetden agdarylan we 2014-nji ýylyň fewralynda Orsýete gaçan prezident Wiktor Ýanukowiçiň prezident diwanynyň başlygy boldy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus