Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Belarusda öz çagasyny öldürmekde güman edilýän türkmenistanly aýal sud edilýär

Belarusyň Brest oblast sudy 22-nji oktýabrda türkmenistanly studentiň jenaýat işine seretmäge başlady. Ýerli metbugatyň habar bermegine görä, Ý.H. diýlip, adynyň diňe baş harplary berilýän 29 ýaşly student öz bäbegini öldürmekde aýyplanýar.


Kp.by neşiriniň maglumatyna görä, tolgunmakdan ýaňa rus dilini unudyp biljekdigini aýdyp, güman edilýän aýal sudda özüne terjimeçi berilmegini sorady we netijede diňlenişik 23-nji oktýabra geçirildi.


Derňewde anyklanylmagyna görä, onuň 17-nji martda, wagtyndan öň gyz bäbegi bolýar. Ene we çaga 10-njy maýda bäbekhanadan çykarylýar. Emma ene, borjuny berjaý etmezlik üçin, tanşynyň kwartirasynda çaganyň dem alyş ýollaryny ýapýar we ol ölýär. Soňra ol çaganyň jesedini Muhawes derýasynyň kenarynda gizleýär. 


Metbugat materiallarynda aýdylmagyna görä, Ý.H. Türkmenistanyň gündogarynda, köp çagaly maşgalada kemala gelipdir. Belarusda Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersitetini tamamlapdyr, 2019-njy ýylyň martynda nemes dili kursuna ýazylyp, umumy ýaşaýyş jaýynda hasaba durupdyr. 


Günäli tapylsa, sud edilýäne 8 ýyldan 25 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek garaşýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus