Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Rus sudy žurnalist Abdulmumin Gajyýewiň deslapky tussaghana möhletini uzaltdy

Orsýetiň Dagystan sebitiniň sudy žurnalist Abdulmumin Gajyýewiň deslapky tussaghana möhletini uzaltdy, ol terrorçylygy maliýeleşdirmäge “gylawlandyrmakda” aýyplanýar.


Mahaçgalanyň Sowet etrabynyň sudy 15-nji oktýabrda Gajyýewň 13-nji noýabra çenli tussaghanada saklanmagy barada karar çykardy. Gajyýewiň kärdeşleri iýunda, tussag edileninden gysga wagt soň, onuň galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda tussag edilendigini aýdyp, ýerli neşirleriň üçüsiniň baş sahypasynda makala çap etdiler. 


Dagystandaky garaşsyz “Çernowik” hepdeliginiň žurnalisti Gajyýewe bildirilen aýyp başga bir güman edilýäniň beren görkezmesine esaslanýar, soň ol adam polisiýanyň bu görkezmäni gynag astynda alandygyny aýtdy.


Sülçüler Gajyýewi başda, hamala, “Yslam döwleti” we beýleki terror toparlary bilen ilteşikli sahawatçylyk guramalaryna pul ibermekde aýypladylar. Ol bu aýyplamalary ret etdi. 


Bu aýyplamalar soňra terrorçylygy maliýeleşdirmäge gylawlandyrmak aýyplamasy bilen çalşyryldy we Gajyýew ony hem ret etdi.  “Çernowik” neşiriniň binasy 2-nji oktýabrda ýüzi perdeli polisiýa ofiserleri tarapyndan döküldi we bu ýagdaý halkara hukuk toparlary, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy wekili Harlem Desir tarapyndan berk tankyt edildi.


SRG guramasy rus häkimiýetlerini Gajyýewi derhal azat etmäge çagyrdy.



 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus