Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ-nyň öňki goranmak başlygy Mattis Trampyň kararynyň YD-nyň ‘dikelmegine’ getirmek ähtimallygyny duýdurýar

ABŞ-nyň ozalky goranmak sekretary Jim Mattis Trampyň demirgazyk-gündogar Siriýadaky goşunlary çykarmak barada gelen kararynyň“Yslam döwleti” ekstremist toparynyň täzeden ‘dikelmegine’ getirip biljekdigini duýdurdy, ol prezident Donald Tramp bilen ylalaşmazlyklary sebäpli işden çekilipdi.


“Olaryň gaýtadan janlanyp bilmezligi üçin, biz [YD-a] basyş görkezmegimizi dowam etdirmeli" diýip, Mattis 12-nji oktýabrda gysgaça mazmuny berlen söhbetdeşliginde, NBC News neşiriniň “Metbugat bilen duşuş” atly programmasyna beren interwýusynda aýtdy. Bu söhbetdeşlik dolulygyna 13-nji oktýabrda efire çykýar.


"Biz urşuň gutarmagyny isläp bileris, biz hatda uruş gutardy diýip jar hem edip bileris” diýip, Mattis söhbetdeşlikde aýtdy.


“Prezident [Barak] Obamanyň Yrakdan goşun çykaryp, kynçylykda göz ýetirişi ýaly, biz harbylar sen öz goşunyňy yzyna çykaryp bilersiň, emma “goldaw alan duşman bolar” diýýäris. Bu ýagdaýda, eger-de biz basyşy dowam etdirmesek, soňra “Yslam döwleti” janlanar. Olaryň yzyna geljegine hiç bir şek ýok” diýip, Mattis aýtdy.


Tramp Siriýadaky ABŞ goşunlaryny yzyna çekeli bäri berk tankyt astyna düşdi, ol esgerler bu sebitde kürtleriň ýolbaşçylygyndaky Siriýa Demokratik güýçleri bilen bilelikde YD-a garşy göreşýärdi. Bu tagallalar netijesinde YD-nyň Siriýada we Yrakda eýelän ummasyz uly territoriýasy yzyna alyndy.


Tankytçylar prezidenti häzir demirgazyk Siriýada türk goşunlarynyň hüjümi astynda galan kürt söweşijilerine, öz ýaranlaryna dönüklik etmekde aýyplaýarlar. Ankara kürt söweşijilerini terrorçy hasaplaýar we olary bu sebitden kowup çykarmaga çalyşýar.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus