Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Öňki prezident paýlaşylan häkimiýet gürrüňlerini ret edýär, 'dönükleri' gozgalaň synanyşygynda aýyplaýar

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew özüniň dowam edýän täsiri we ornuna gelen prezidentiň özüne tabynlygy barada aýdylýanlary püçege çykarmaküçin 11-nji oktýabrda döwlet telewideniýesi bilen giňişleýin söhbet etdi, daşary ýurtda oturan ýerlerinden, hamala, gozgalaň turuzmaga çalyşýan “dönükleri” ýazgardy we özüniň şu ýyl tamamlanan 29 ýyllyk dolandyryşyny öwdi.


Awtoritar sowet dolandyryşy astynda kemal gelen 79 ýaşly syýasatçy mart aýynda prezidenti kän galmagalsyz, ýöne ägirt uly täsir astynda, ozalky premýer-ministr we öňki diplomat Kasym-Žomart Tokaýewi öz ornunda oturtmak bilen täzeledi, ýöne 


Nazarbaýew şindem öz “milletiň lideri” derejesiniň we onuň berýän amatlyklarynyň, şol sanda jogapkärçilige çekilmezligiň hözirini görýär wekuwwatly Howpsuzlyk geňeşine, onuň gapdalyndan uzak wagt bäri ýurdy dolandyrýan Nur-Otan partiýasyna ýolbaşçylyk edýär.


 Ol Habar TW-siniň soraglaryna jogap berip, haçanda Tokýaew özünden “geňeş-maslahat” alanda, munuň Gazagystanda “goşa häkimiýet” hökmünde düşündiriljek bolmagyna “hiç bir deliliň” ýokdugyny aýtdy.


Nazarbaýew bu hili “gep-gürrüňler Gazagystanda durnuklylygyň bolmagyny islemeýän adamlar tarapyndan başlandy” diýdi.


Ol sözüni dowam etdirip, “Gazagystan prezident diolandyşy ulggamyndaky unitar döwlet” diýdi. 


66 ýaşyndaky Tokaýew iýun aýynda, saýlawlary sorag astyna alýan protestçileriň tussag edilmegi bilen inagurasiýa edildi, halkara synçylary prezident saýlawlarynda “düzgün bozmalaryň giň ýaýrandygyny” aýtdylar.


Soňky aýlarda Gazagystanda syýasy durgunlaşma we Hytaýyň täsirleriniň artmagy üstünde guralan protestler ýygjamlaşdy we bu ýagdaý pikirini aýdýanlaryň tussag edilmegine hem-de ozalam berk bolan howpsuzlyk çäreleriniň has güýçlendirilmegine alyp geldi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus