ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýy demokratlardan prezident bolmaga umydygär Joe Baýdeni açyk derňemäge çagyrdy. Ol bu çagyryşy Kongresde Ukrainadan Joe Baýdeni we we onuň ogly Hanteri derňemegi talap edendigi üçin impiçment derňrewiniň geçirilýän wagtynda etdi.
Tramp 3-nji oktýabrda Ak tamda žurnalistlere özüniň Hytaý we Ukraina ozalky wise-prezident Joe Baýden bilen onuň biznesmen ogluny derňemeli diýip ynanýandygyny aýtdy we impiçment derňewini” bolgusyzlyk” hökmünde häsiýetlendirdi.
"Men [ukrain] prezidenti [Wolodymyr] Zelenskä, eger bu men bolsam, olaryň Baýdenleri derňäp başlamagyny maslahat bererdim” diýip, Tramp aýtdy. “Şonuň ýaly, Hytaý hem Baýdenleri derňemäge başlamaly, sebäbi Hytaýda bolan zatlar hem Ukrainada bolan zatlar ýaly erbet” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ol Hytaýyň prezidenti Si Jinpiňden şeýle etmegi talap etdiňizmi diýlip berlen sowala, “Men talap etmedim, emma bu biziňpikirini edip başlajak zadymyz bolmagy gaty mümkin” diýip, Tramp biraz soňundan twitterde “korrupsiýany derňemek biziň borjumyz” diýip ýazdy.