Kremliň opponentleri Moskwada, rus paýtagtyny gaplan we häkimiýet güýçleriniň zorlukly basyp ýatyrmalaryna yçran tomusky protestlerden soň ara düşen böwşeňligi daraldyp, uly demonstrasiýa geçirmegi planlaşdyrýar.
29-njy sentýabrda geçirilýän ýygnanyşyga şäher häkimiýetleri rugsat berdi we ol, üç hepde ozal bolan we soňky bir onýyllyga golaý wagt içinde Orsýetde bolan durnukly hökümete garşy protestlere itergi beren saýlawlardan bäri guralýan iň uly ýygnanyşyk bolar.
Prezident Wladimir Putiniň we onuň hökümetiniň garşydaşlary orsýetlileri “syýasy repressiýa” garşy protest bildirmäge hem-de häkimiýetlerden Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň ýurduň çar künjegindäki edaralaryny nyşana alýan reýdler we tussag etmeler kampaniýasyny bes etmegi talap etmäge çagyrýarlar
Şeýle-de demonstrasiýaçylar iýul we awgust aýlarynda polisiýanyň protestçileri basyp ýatyrmagy esasynda tussag edilen we deslapky tussaghanalarda saklanylýan, “Moskwa işi” diýilýänboýunça derňelýän adamlaryň azat edilmegine çagyrarlar.