Мы в Telegram
Добавить новость

Возобновление водоснабжения в центре Энгельса перенесли

В Краснодаре завершают монтаж коммуникаций на пересечении улиц Российской и Солнечной

Проверку чердаков и подвалов провели в Михайлово-Ярцевском

Синоптик Вильфанд спрогнозировал дожди в День России в Москве

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda ýumurtgany duýdansyz, Maryda uny goşundyly we pagta ýagyny nobatly satýarlar

Aşgabatda ýumurtgany duýdansyz, Maryda uny goşundyly we pagta ýagyny nobatly satýarlar

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda towuk ýumurtgasy satylyp başlandy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary ýumurtganyň satuwda peýda bolup başlandygyny 11-nji sentýabrda habar berdiler. Emma olaryň sözlerine görä, dükanlar nobatlaryň döremezligi üçin gyt harydy birden, öňünden duýdurmazdan satyp başlaýarlar.

"Adamlaryň dessine nobata durýandygy we ýumurtgany 20 minuda ýetirmän gysga wagtda satyn alyp gutarýandygy sebäpli, [häkimiýetler] ýumurtgany duýdansyz satuwa çykarmagy oýlap tapdyrlar. Käwagt irden, käwagt agşam. Öňünden duýdurman satuwa çykarýarlar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy. 

Dükanlarda ýumurtganyň söwdasynyň birden başlanyp, birden soňlanýandygyna garamazdan, Aşgabatda dükanlaryň öňünde uly nobatlar döreýär. 

"Garryja adamlar uzak günläp dükanlaryň öňünde garaşyp durýarlar we ýumurtga satylyp başlansa öz garyndaşlaryna we tanyşlaryna jaň edýärler. Ýumurtga gysga wagtyň içinde hem gelýär, hem satylyp gutarýar" diýip habarçymyz aýdýar. 

Onuň sözlerine görä, ýumurtgany çäkli san bilen satýarlar. Her adam başyna ondan köp bermeýärler. Bir ýumurtga 0,5 manatdan satylýar. Onuň ozalky bahasy 35 teňňedi. Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda bahalar häkimiýetler tarpyndan kesgitlenýär. 

Ýumurtganyň we beýleki azyk önümleriniň bazarlardaky hem döwlet dükanlaryndaky bahasy birnäçe esse ýokary. Hususan-da ýumurtga şu günler Aşgabatda 1,5 manada, Maryda 1-1,5 manat aralygynda satylýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň sözlerine görä, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ýumurtganyň satylyp başlanmagy baýramçylygyň golaýlamagy bilen bagly. 27-nji sentýabrda Türkmenistan Garaşsyzlyk baýramyny belleýärler.

"Baýramçylygyň öňüsyrasynda häkimiýetler baýramçylyk duýgusyny döretmek üçin towuk ýumurtgasyny satuwa çykaryp başladylar" diýip, şäher häkimiýetlerine golaý çeşmämiz aýdýar. 

Türkmenistanda ýumurtga gytçylygy geçen ýylyň dekabrynda başlanypdy we aprel aýynda güýçlenipdi. Soňky aýlarda towuk ýumurtgasy döwlet dükanlarynda yzygiderli satuwdan aýryldy, satylyp başlanan wagtynda uly nobatlar döredi, ýumurtga san taýdan çäklendirilip satyldy. Bahalar hem galýar, azygyň söwdasyna polisiýa gözegçilik edýär. 

Şu günler Marynyň döwlet dükanlarynda hem ýumurtga ýok. Bu regionyň ýaşaýjylary unuň we pagta ýagynyň ýetmezçiligini hem duýýarlar. 

Marydaky habarçymyzyň sözlerine görä, şu günler welaýatyň bazarlarynda unuň 50 kilogramlyk haltasynyň bahasy 160 manada durýar. Ýerli ilat unuň ýene gymmatlamagyndan howatyrlanýar.

Döwlet dükanlarynda uzaga çeken arakesmeden soň un 5-nji sentýabrda ilata resmi taýdan kesgitlenen norma boýunça satylyp başlandy. 

"Eger maşgalada iki adam bolsa olara her aýda döwlet bahasyndan 10 kilogram uny satyn almaga rugsat berýärler, onuň bäş kilogramyny ýerli undan berýärler, beýleki bäş kilogramyny hapa gara undan berýärler. Ol uny adamlar iýip bilmeýärler, onuň tagamy ajy, içinden kepek çykýar. Onuň daşyndan iki kilogram çüýrük almany almagy hem talap edýärler" diýip, 9-njy sentýabrda Azatlygyň Marydaky habarçysy aýtdy. 

Habarçylarymyzyň ýene biri şu günler Maryda pagta ýagynyň hem gytalandygyny we döwlet dükanlarynyň köpüsinde satylmaýandygyny habar berdi. 

"Şu gün Maryda gök bazaryň öňünde ir sagat 5:00-de pagta ýagyny almak üçin uly nobat döredi. Ýagy ir sagat 9:00-da satyp başladylar 5 litrlik gabyny 13 manada. Ol bir sagatda gutardy we köp adama ýetmedi" diýip, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy 11-nji sentýabrda habar berdi.

Türkmenistanda azyk önümleriniň gytçylygy soňky iki ýylyň dowamynda dowamly saklanýar. Ýurduň ilaty çörek, un, şeker, tüwi, pagta ýagy we ýumurtga ýaly önümleriň gytçylygyny yzygiderli başdan geçirýär we olary uly nobatlarda durup satyn almaly bolýar.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary uzaga çeken azyk krizisini resmi derejede boýun almaýarlar.   

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

50 нарушений противопожарного законодательства выявлено в лесах Подмосковья с 7 по 9 июня

Возобновление водоснабжения в центре Энгельса перенесли

Сливочное, кизиловое и со специями. Горожанам рассказали, где попробовать мороженое на ВДНХ

Фестиваль российской керамики «Синница» пройдет в Раменском округе

Музыкальные новости

Титов предположил, что у «Динамо» и «Краснодара» еще 10 лет не будет шанса на победу в РПЛ

Transfermarkt: Головин стал самым дорогостоящим российским футболистом

Приглашенные солистки выступят в опере «Руслан и Людмила»

"Святой Ленин": сенсационная истина о прогнозах способна направить США и Европу творить добро?!

Новости России

Фестиваль российской керамики «Синница» пройдет в Раменском округе

В Краснодаре завершают монтаж коммуникаций на пересечении улиц Российской и Солнечной

Синоптик Вильфанд спрогнозировал дожди в День России в Москве

Проверку чердаков и подвалов провели в Михайлово-Ярцевском

Экология в России и мире

Производители кроссовок New Balance и Under Armour подали около 1000 исков к российским продавцам

Армянские ковры Арцаха (Карабаха) с уникальным орнаментом представлены как «генетический код» Азербайджана - сайт monumentwatch

Адские цены на Сочи и Анапу заставили российских туристов найти новые пути экономии

LISA FM Александр Белоносов выпустил альбом «Родина Сердца: Дневник Психолога»

Спорт в России и мире

Тарпищев о Медведеве и Рублеве: без травм сыграют в Париже лучше, чем в Токио

Новак Джокович дал дорогу молодым // Борьбу за первое место в рейтинге АТР в этом году поведут Янник Синнер и Карлос Алькарас

Андреевой предрекли борьбу за топ-10 рейтинга WTA в текущем сезоне

Каспер Рууд: «Не буду выступать на турнирах перед «Уимблдоном», но на нем, конечно, сыграю»

Moscow.media

«Школа вожатых» прошла в школе №7 в Реутове

Планируем зимний отпуск: мы знаем цену авиаперелета в Дубай на Новый год

«КОСМАКОМ» выстроил командную работу в облаке NGcloud

Пустынная долина Кодара...











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Синоптик Вильфанд спрогнозировал дожди в День России в Москве

В Подмосковье продолжается прием заявок на чемпионат стать лучшим в «Хайтеке»

Фестиваль российской керамики «Синница» пройдет в Раменском округе

Сливочное, кизиловое и со специями. Горожанам рассказали, где попробовать мороженое на ВДНХ