Awstraliýa hökümeti 11-nji sentýabrda Awstraliýanyň üç raýatynyň Eýranda tussag edilendigini, olaryň ikisiniň goşa raýatlygynyň bardygyny, Eýranda tussag edilenleriň maşgalalaryna kömek berilýändigini aýtdy.
Ýaşyrynlyk aladalary sebäpli, Awstraliýanyň Daşary işler we Söwda ministrlikleri goşmaça maglumatlary bermedi. Emma muňa garamazdan, Awstraliýanyň we Britaniýanyň metbugat serişdeleri bu üç adamyň biraz wagtdan bäri gözenegiň arkasynda saklanylýandygyny habar berdi.
Awstraliýanyň ABC telewideniýesi bir britan-awstraliýa raýatynyň bir ýyla golaý türmede oturandygyny, ýene bir jübüdiň, britan-awstraliýa raýatynyň we onuň halaşýan ýigidiniň 10 hepde çemesi ozal tussag edilendigini habar berdi.
Britaniýanyň “The Times” gazeti britan-awstraliýa raýaty bolan aýalyň alymdygyny, oňa anyk bolmadyk aýyplamalar esasynda 10 ýyl türme tussaglygynyň berlendigini aýdýar diýip, dpa habar berdi.
Eýranda 10 ýyl türme tussaglygy adatça içalyçylyk aýyplamalary esasynda berilýär.