Žurnalistleri goramak baradaky komitet täjik häkimiýetlerini garaşsyz “Asia-Plus” habar agentliginiň “görnetin nyşana alnan” websaýtynyň baglanmagyny derňemäge we onuň elýeterliligini üpjün etmäge çagyrdy.
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän metbugat azatlygy guramasy bu çagyryşy 10-njy sentýabrda, Duşenbede ýerleşýän media topary “Asia-Plus” özüniň esasy websdaýtlarynyň we iş e-mailleriniň 19-njy awgustdaişlemegini bes edendigini habar berenden soňra etdi.
Tehniki ekspertleriň AÝ/AR-a aýtmaklaryna görä, news.tj we meşhur asiaplus.tj domeýn atlarynyň ýazgylary bilkastdan, elýeterliligi bozmak üçin, nädogry sazlanyldy we bu ýa ýalňyşmak, ýa-da kiber hüjümleri esasynda edilen bolmaly.
Emma muňa garamazdan, milli domeýn hasaba alyşlygy “Asia Plusyň” we “Easteranyň” şikaýatlaryny derňemeli.