Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ-nyň Owganystandaky goşunlarynyň sanyny azaltjakdygy habar berilýär

Birleşen Ştatlar Owganystandaky goşunlarynyň möçberini düýpli kemeltmäge taýýar we bu ýagdaý “Talyban” bilen günbatar tarapyndan goldanylýan Kabul hökümetiniň arasyndaky göni gepleşiklere itergi berer diýip, amerikan mediasy 1-nji awgustda habar berdi.


“The Washington Post”, CNN wedpa habar agentlikleri bu ýurtdaky esgerleriň sanynyň, Owganystanda iki onýyllyga golaýlan urşy soňlamak üçin baglaşyljak parahatçylyk ylalaşygynyň çäginde,14 müňden 8-9 müňe çenli azaldyljakdygyny habar berýär.


“Talyban” jeňçi topary, “gurjak režimi” atlandyrmak bilen, şu wagta çenli Kabuldaky hökümet bilen gepleşmekden ýüz öwrüp geldi.


CNN-niň maglumatyna görä, goşunlaryň möçberini azaltmakdan başga, ABŞ-nyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň işgärleri we howpsuzlyk işgärleri hem azaldylar.


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halylzad 31-nji iýulda AÝ/AR bilen gürleşip, töwerekleýin parahatçylyk ylalaşygynda dört sany esasy aspektiň bardygyny aýtdy: Daşary ýurt goşunlarynyň çykarylmagy, “Talybanyň” terror hüjümleriniň öňüni almagy kepillendirmegi, syýasy çözgüde getirjek içerki owgan dialogy, hemişelik ýaraşyk. 


Ol ýagdaýyň çylşyrymlydygyny boýun alyp, “ähli zat ylalaşylýança hiç bir zadyň ylalaşylmajagyny” nygtady. 

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus