Tramp Skripal zäherlenmesi boýunça Orsýete garşy sanksiýalaryň ikinji tapgyryny girizdi
Döwlet departamenti 2018-nji ýylyň awgustynda Orsýetiň Skipalyň işinde 1991-nji ýylyň Himiki we biologiki ýaraglar kanunyny bozandygyny kesgitledi we sanksiýalaryň birinji tapgyryny girizdi. Olarda daşary ýurt kömegi, gorag we howpsuzlyk harytlarynyň söwdasy, ABŞ hökümetiniň Orsýete eksport üçin karzlary nyşana alyndy.
Tramp Wekiller öýüne we Senata iberen hatynda bu kararyň “1991-nji ýylyň Himiki we bilologiki ýaraglara kontrollyk we uruş hereketlerini ýok etmek kanunynyň 307-nji bölüminelaýyklykda kabul edilendigini” aýtdy.
Moskwa bu zäherlemäniň arkasynda özüniň durandygy barada aýdylýanlary berk inkär edýär.