Owganystanda prezident Aşraf Ganiniň saýlaw egindeşi Amrullah Salehiň edarasynda ýüze çykan atyşykda hem-de bomba hüjüminde azyndan 20 adam öldi.
Hüjümde başga-da 50 töweregi adamyň ýaralanandygy aýdylýar.
Dört gatly binanyň daşynda amala aşyrylan bomba hüjüminden soň, hüjümçiler binanyň içine kürsäp girdiler.
Owgan howpsuzlyk güýçleri bilen hüjümçileriň arasyndaky ok atyşyk alty sagada çekdi.
Owgan resmileriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, ok atyşykda azyndan üç hüjümçi öldürilipdir we binanyň içindäki 40 töweregi raýat adam halas edilipdir.
Maglumata görä, Saleh ýaralansa-da, çaknyşyk dowam edýän pursady binanyň içinden çykmagy başarypdyr.