Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Tähranda omanly kärdeşi, geçmişde Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky gepleşiklere ýardamçy bolan bitarap ýurduň resmisi Ýusuf bin Alawi bilen duşuşdy.
Omanly resminiň 27-nji iýuldaky sapary Tähran bilen Birleşen Ştatalaryň we onuň ýaranlarynyň arasynda Hormuz bogazynyň, Pars aýlagy sebitinde suw arkaly geçýän möhüm söwda ýoly töwereginde dörän dartgynlyklaryň dowam edýän wagtyna gabat geldi.
Oman mundan öň hem araçylyk tagallarynda inisiatiwa görkezipdi we özüniň Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklary gowşatmak üçin “beýleki taraplar bilen” hem işleýändigini aýtdy.
"Bu ýerde bütin dünýä zyýan ýetirjek urşuň turmak howpy bar” diýip, Alawi maý aýynda arap dilinde çykýan gazetde çap edilen söhbetdeşliginde aýtdy.“Iki tarap hem, amerikanlar-da, eýranlylar-da bu howpdan habarly” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Emma muňa garamazdan, araçylyk tagallalarynyň alnyp barylýandygy hakynda ne Eýran, ne-de Oman düşündiriş berdi.