“Bellingcat” derňew habar guramasy öz işgärleriniň ProtonMail hasaplarynyň çylşyrymly kiber hüjümleriniň nyşanasy bolandygyny, e-mail hyzmatlary üpjünçisiniň biraz soň bu işiň arkasynda Moskwanyň durandygyny aňladýan delilleriň bardygyny öňe sürendigini aýtdy.
“Bellingcat ýene bir gezek kimer hüjümleriniň nyşanasyna aýlandy, munuň biziň Orsýetdäki işimiz bilen baglydygy tasdan belli” diýip, derňew habar saýtyny esaslandyryjy Eliot Higgins 27-nji iýulda twitterde aýtdy.
“Meniň çakymça, Russiýa Federasiýasynyň agentleri, hala hakerler, hala trollar ýa media bolup, näçe ýygjam hüjüm etseler, bu biziň täsirimizi ölçemegiň bir usuly bolup durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Bellingcat resmileri kiber hüjümleriniň öz ulgamlaryna sümüp girip bilmändiklerini aýtdylar.
ProtonMail “fişiň” diýilýän hüjümleriň ulanyjylary ProtonMail passwordlaryny, açar sözlerini paýlaşmaga iteklejek bolandygyny, onuň ozalky rus agenti Sergeý Skripaly zäherländigi aýdylýan agentleriň şahsyýetini anyklamaga kömek eden žurnalistleri nyşana alandygyny aýtdy.
Düýbi Ženewada ýerleşýän ProtonMail özüni dünýäniň iň bir berk email prowaýderi hökmünde häsiýetlendirýär we esasan juda ynjyk maglumatlar bilen iş salyşýan žurnalistler we beýleki adamlar tarapyndan ulanylýar.