Onlarça adam Nazarbaýewiň Nur-Soltandaky edarasynyň işigine toplandy
Bu ýere toplanan aýallar we erkekler özleriniň şu wagta çenli sudlarda adalaty gazanmak üçin eden tagallalarynyň ählisiniň puç bolandygyny aýdýarlar. Şeýle-de olar Ýokary suduň başlygy Žakyp Asanowyň işden çekilmegini talap edýärler.
Bir gün ozal protestçiler prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň edarasynyň öňünde toplanyp, ony özleriniň “adalaty tapmak” tagalllaryna kömek bermäge çagyrdylar.
4-nji iýundaky protestde, haçanda demonstrasiýaçylar Nur-Otanyň edara jaýlarynyň içinde toplananlarynda, partiýa resmisi Maulen Aşimbaýew olaryň talaplaryna seretjek komissiýanyň dörediljekdigini wada berdi.
Emma muňa garamazdan, 10-njy iýuldaky protestçiler bu komissiýanyň bir aýdan soňam döredilmändigini aýtdylar.