Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türk häkimiýetleri Ömruzak Omarkulyýewiň döreden guramasyny ýapdylar

Türkiýäniň Osmaniýa şäheriniň häkimiýetleri Türkmenistanly studentleriň raýadaşlyk we özara kömek guramasyny ýapdylar diýip, “Turkmen.news” neşiri habar berýär.


Bu gurama Türkiýäniň Gorkut Ata uniwersitetiniň ikinji kursunyň studenti Ömruzak Omarkulyýewiň ýolbaşçylygynda döredildi. Emma ol aldaw ýoly bilen Türkmenistana getirilip, ilki ýurtdan goýberilmedi, soňra uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. 




Turkmen.news neşiri özünde Osmaniýa şäher häkimliginiň suduň karary esasynda 2019-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda ýazan habardarlyk hatynyň bardygyny aýdýar.


Şeýle-de neşir öz çeşmelerine salgylanyp,bu guramanyň ýapylmagynyň arkasynda Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň eliniň bardygyny öňe sürýär. 


“Ömruzak alnyp gaýdylandan soň, türkmen ýörite gulluklarynyň işgärleri diplomat lybasyna girip, şäher häkimiýetlerini, sud organlaryny we prokuraturany türkmen studentleriniň birleşiginiň bir-birege kömek bahanasyna duwlanyp, syýasat bilen meşgullanýandygyna ynandyrmak üçin ägirt uly iş geçirdiler” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme neşire habar berdi.


Geçen ýylyň ýanwar aýynda Türkiýede türkmen studentleriniň jemgyýetini döreden türkmenistanly ýaş aktiwist Azatlyk Radiosynda çykyş edip, öz döreden guramasynyň işine Türkmenistanyň ilçihanasynyň gyzyklanma bildirip, goldaw hödürländigini buýsanç bilen gürrüň beripdi.


Emma yzýany, ýagny 14-nji fewralda Türkmenistanyň ilçihanasynyň howandarlygynda Türkmenistana barandan soňra Ömruzak ýurtdan gaýdyp çykarylmady. Ömruzak bu barada Azatlyk Radiosyna mart aýynda habar ýetirdi.


Şondan soň türkmenistanly ýaş aktiwistden hiç hili habar bolman, üç aýa golaý wagtdan soň onuň tussaglykda saklanýandygy belli boldy. Birnäçe çeşmelerden gowşan maglumatlara görä, Ömruzak Omarkulyýew ýapyk suduň netijesine 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, Owadandepe türmesinde saklanýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus