Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ-nyň resmileri Eýranyň harby drony urup gaçyrandygyny tassykladylar

ABŞ-nyň resmileri Eýranyň howa-ýer raketasynyň Hormuz bogazyndaky halkara howa giňişliginde harby drony urup gaçyrandygyny tassykladylar diýip ençeme media serişdesi habar berýär. 


Reuters, Fox News we AP agentlikleri ABŞ-nyň anonim resmisine salgylanyp, ABŞ-nyň "MQ-4C Triton" kysymly harby-deňiz pilotsyz uçarynyň 20-nji iýunda urlup-gaçyrylandygyny habar berdiler.


Bu habarlar Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň sakçylary korpusynyň (IRGC) ABŞ-nyň sürüjisiz uçarynyň urlup-gaçyrylandygy barada ýaýradan beýanatynyň yzýanyna gabat geldi. Emma beýanatda bu ýagdaýyň Eýranyň Hormozgan günorta regionynda bolandygy aýdylýar. 


ABŞ-nyň çeşmeleri dronyň halkara howa giňişliginde urlandygyny aýdýarlar. 


"Ol günortadaky Kouhbobarak etrabynyň golaýynda Eýranyň territoriýasyna girende urlup ýere gaçyryldy" diýip, Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň sakçylary korpusynyň websaýty Sepah News habar berýär. 


IRNA döwlet habar agentligi urlan dronyň "RQ-4 Global Hawk" kysymlydygyny habar berdi. 


Bu ýagdaý Waşingtonyň we Tähranyň arasyndaky dartgynlylygyň güýçlenýän wagtyna we regionda potensial konflikt howpunyň döreýän döwrüne gabat geldi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus