Добавить новость

В Лотошино объявлен конкурс на благоустройство территории набережной

Воробьев поздравил ветеранов и бойцов дивизии имени Дзержинского с ее 100-летием

Фракция КПРФ в Мособлдуме поддержала закон о мерах поддержки соцработникам

Лобненские танцоры победили во Всероссийском конкурсе



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistandaky yzarlamalar tatu ussalaryny ýurtdan gitmäge mejbur edýär

Türkmenistandaky yzarlamalar tatu ussalaryny ýurtdan gitmäge mejbur edýär

Türkmenistanda tatuirowkalary, ýagny bedene hemişelik surat çekýän ussalaryň köpçülikleýin yzarlanmagynyň fonunda, Azatlyk Radiosyna bu hünär bilen meşgullanan adamlaryň ýurdy terk etmäge mejbur bolan ýagdaýlary mälim boldy.

Aşgabatda meşhur tatu ussalarynyň biri Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, adynyň efirde tutulmazlyk şerti bilen öz başdan geçirenlerini we özüni ýurtdy terk etmäge mejbur eden ýagdaýlar barada gürrüň berdi. 

Söhbetdeşimiz polisiýa we howpsuzlyk gulluklary tarapyndan özüne görkezilen gysyşlaryň 2015-nji ýylda başlanyp, soňky ýyllarda yzygiderli dowam edendigini gürrüň berdi.

- Basyşlar 2015-nji ýylda başlandy, meniň gurallarymy elimden aldylar, salgyt edarasynda jerime saldylar, hiç kime tatu çekmezligim barada dilhaty aldylar. Meniň bilen bir wagtda 5 sany adam gürrüňdeşlik geçirdi, polisiýa bölüminiň müdiri, milli howpsuzlyk komitetiniň 3-nji bölüminiň iki işgäri we olaryň özlerini tanyşdyrmagyna görä, salgyt edarasyndan iki adam. Olar meniň şu çaka çenli näçe sany tatuirowka edendigimi, işim üçin näçe pul alandygymy biljek boldular. 1700-1800 amerikan dollara barabar gurallarymy elimden aldylar, meniň kompýuterimde işlerimiň suratlaryny tapdylar, özleri üçin nusga edip göçürdiler we soň ýok etdiler, bankda tölemek üçin 1000 manatlyk jerime ýazdylar. Men muny berjaý etdim we olar indiki gezek başga gepleşiljekdigini aýdyp, haýbat aýtdylar" diýip, tatu ussasy gürrüň berdi.

Azatlyga öz tejribelerini gürrüň beren tatu ussasy ​şu günki gün Türkmenistanyň daşynda ýaşaýar. Biz onuň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatly adyny, ýaşaýan ýerini we beýleki şahsy maglumatlaryny mälim etmekden saklanýarys. 

Türkmenistanda tatu ussalarynyň yzarlanmagyna degişli ýagdaýlar şu ýylyň bahar aýlarynda güýçlendi. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylaryna mälim bolşuna görä, polisiýa ussalary gözläp tapmak üçin tatuirowkasy bar bolan adamlary saklap, soraga çekdi. 

Türkmenistanda tatu ussalarynyň giňden gözlenýändigi barada maglumatlarymyzdan soň, Türkmenistanyň hökümetçi neşirlerinde tatuirowkalaryň zyýany we ölüm howpy barada maglumatlar peýda boldy.

Hususan-da, hökümetçi “ArzuwNews” neşiri tatuirowkanyň zyýanlary barada 7-nji iýunda çap eden makalasynda tatuirowkanyň saglyga düzedip bolmajak zyýan ýetirip biljekdigini we hatda ölüme sebäp bolup biljekdigini habar berdi. Makalanyň awtory adamlar bedenine tatuirowka çekdirende, organizme gepatit С infeksiýasynyň ýokuşyp biljekdigini öňe sürýär, şeýle-de tatu çekmek üçin ulanylýan syýada zyýanly maddalaryň bardygyny aýdyp, olaryň allergiýa, deride rak keseline we içerki organlaryň zaýalanmagyna sebäp bolup biljekdigini öňe sürýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan tatu ussasynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň polisiýasy we howpsuzlyk gulluklarynyň wekilleri ussalary soraga çekende olaryň yzarlanmagynyň sebäplerini tatuirowkalaryň zyýany bilen düşündirýärler. 

​"Elbetde, olar barlag geçirilmeginiň hamala iki sany daşary ýurtlynyň edilen tatuirowkadan kesele uçrap, ölmeginden soň başlanandygyny aýtdylar" diýip, söhbetdeşimiz aýtdy, emma özüniň jerimä we gurallarynyň elinden alynmagyna başga sebäpden sezewar edilendigini, ýagny telekeçilik işleri bilen bikanun meşgullanandygyny belledi. Onuň öz pikirine görä, adamyň saglygyna tatuirowkalar däl-de, hapaçylyk we bedene surat çekmegiň tehnikasy boýunça bilimsizlik zyýan ýetirip bilýär.  

Şeýle-de, ussanyň sözlerine görä, Aşgabatda bahasynyň 200-900 manat aralygynda bolmagyna garamazdan, tatuirowkalar müşderileriň arasynda örän meşhur bolup, ussalara girdeji getirýär.

"Munuň arzan bolmadyk bir peşgeşdigine garamazdan, adamlar gelip durýardy, käte meniň hatda dynç almaga-da wagtym bolmaýardy, sebäbi  isleg bildirýänler meniň üpjün etmek mümkinçiligimden aşa köpdi" diýip, tatu ussasy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ol Aşgabatda 5 ýyla golaý wagtlap işläpdir, hem gözellik salonlarynda, hem-de öýünde. 

​"Men 2017-nji ýylda ýene-de gural getirdim we her zat edip, özümi tötänleýin adamlardan goramaga synanyşdym. Men şonda diňe tanyş müşderilerimiň üstünden işledim, kimiň maňa salgy berendigini anyklap durdum, bu netije berýärdi, sebäbi meniň düşünişime görä howpsuzlyk komitetiniň wekilleri hem köp jaň edýärdi. Olar maglumat soramazdan, köp sorag berýärdiler. Duşuşmak, gepleşmek isleýärdiler, emma men özümiň indi işlemeýändigimi aýdýardym. 2018-nji ýylda meni ýene gaýtadan çagyrdylar. Men öňünden gurallary gizledim, sebäbi olar arzan däl. Gitmeli boldum" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly tatu ussasy gürrüň berdi. 

Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, soňky günlerde tatu bilen bagly ençeme adam tussag edilip, soraga çekilipdir. 

Türkmenistanda bedene hemişelik surat - tatu çekdirmek ilkinji nobatda ýaşlaryň arasynda meşhur bolup, hususan-da gyzlar budunda, bileginde kiçiräk surat çekdirýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Петербурге проходят гастроли МХТ им. Чехова. Москвичи покажут лучшие спектакли

Физико-математический лицей откроется в Сергиевом Посаде к новому учебному году

Еще двое школьников из Подмосковья получили по 300 баллов на ЕГЭ

Спортивные «Умные каникулы» — новый формат отдыха школьников в Ногинске

Музыкальные новости

Сергей Собянин. Главное за день

Hyundai привозит в Россию старый добрый седан по цене LADA Vesta

Сказка Ульгэра «Волшебные башмачки Элли» по мотивам знаменитой сказки Александра Волкова «Волшебник Изумрудного города» - Театр и Цирк, Культура и Концерт, Россия и Дети

В Бурчтии в театре кукол «Ульгэр» 14-16 июня пройдут «Волшебные выходные»! - Театр и Цирк, Культура и Концерт, Россия и Дети

Новости России

Еще двое школьников из Подмосковья получили по 300 баллов на ЕГЭ

Большой успех Северной Кореи. КНДР вместе с Россией обхитрили США

Инвестиции в будущее – новый жилой комплекс Riga Hills

Крупный девелопер построит мультиформатный проект на границе природного заказника «Долина реки Сетунь»

Экология в России и мире

В МГППУ подготовлен сборник ответов на самые горячие вопросы в сети РУМЦ российских вузов

Международная марка «Ревилайн» анонсировала новые мануальные зубные щетки S 6000 в волгоградском филиале

Волосы не выпадают, они стали гуще, а на лице разгладились морщины. Затрачивать можно 5 минут на массаж затылка, лба и головы

Триумфальное возвращение Льва Лещенко на сцену спустя месяцы затишья. Артист презентовал дуэт с солистом группы “Парк Горького” Сергеем АРУТЮНОВЫМ

Спорт в России и мире

Россиянка Людмила Самсонова выиграла турнир WTA в Хертогенбосе

«Ну и где здесь «группа смерти?» ATP показала, каким был бы Евро-2024 с теннисистами

«Надо чем-то жертвовать». Арина Соболенко отказалась ехать на Олимпиаду в Париже

Кирилл Скачков из Новокузнецка стал победителем Игр стран БРИКС-2024

Moscow.media

Страхование грузов: 7 правил безопасной перевозки

Зубы дракона

Бесплатный билет в музеи Зеленоградска от «ПАРАDOX» и BelkaCar

В России запустили бесплатного цифрового ЗОЖ-помощника











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Крупный девелопер построит мультиформатный проект на границе природного заказника «Долина реки Сетунь»

Более 140 каширских школьников приняли участие в фестивале «Летом с ГТО!»

Франция вынуждена сократить свой военный контингент в Африке

В Петербурге проходят гастроли МХТ им. Чехова. Москвичи покажут лучшие спектакли