Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Orsýetiň tanymal derňewçi žurnalistiniň tussag edilmegi ýazgarmalara, protestlere sebäp boldy

Orsýetiň tanymal derňewçi žurnalisti Iwan Golunow, düýbi Latwiýada ýerleýän garaşsyz Meduza habar saýtynyň işgäri Moskwada bikanun neşe maddalaryny satmak synanyşygyna aýyplanyp tussag edildi diýip, onuň aklawçysy habar berdi we onuň urlandygyny we bu aýyplamalary ret edýändiginiaýtdy.


Golunowyň aklawçysy Dmitriý Džulaý Meduza polisiýanyň öz müşderisini 6-njy iýun güni öýlän Moskwanyň merkezinde tussag edendigini, biraz soňra onuň arka sumkasyndan içinde neşe bardygy çaklanylýan haltajygyň "tapylandygyny" aýtdy. Golunow bu haltajygyň özünikidigini ret etdi diýip, Džulaý aýtdy.


Džulaý Golunowyň urlandygyny we ençeme sagatlap öz aklawçysyna, garyndaşlaryna jaň etdirmän saklanandygyny hem gürrüň berdi. Aklawçynyň derňew üçin Golunowyň dyrnaklaryny almak, ýaralaryny hasaba almak üçin lukmanlary çagyrmak barada eden talaplary hem polisiýa tarapyndan ret edildi.


Rus we halkara žurnalist we hukuk guramalary Moskwada we onuň töweregindäki regionda resmileriň arasynda bar diýilýän korrupsiýa işlerini derňemek bilen tanymallyk gazananGolunowy goramaga howlukdylar.


Amnesty Internationaliň, Halkara Günä geçiş guramasynyň Orsýetdäki edarasynyň direktory Nataliýa Zwýagina (Natalia Zviagina) “Iwan Golunowyň tussag edilişiniň daşyndaky ýagdaýlar gümürtik görünýär we şol bir tanyş we hopukdyryjy hokgalary ýatladýar... Hemme zat häkimiýetleriň öz nyşanalaryny türme tussaglygyna höküm etmek maksady bilen neşe maddalaryny atýandygyny yşarat edýär” diýdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus