Balkan welaýatynda ilatyň Internet üpjünçiligi ýaramazlaşyp, onuň tizligi ýiti pese gaçdy. Şeýle-de, sebitde VPN ulgamlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi hem kynlaşdy. Häkimiýetler ilata dilden berýän maglumatlarynda bökdençligiň sebäbini “Internetiň tizligini güýçlendirmek tagallalary” bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji aprelde sebitden maglumat berdi. “Balkanabat, Awaza we Türkmenbaşy şäherlerinde 4G TmCell Internet ýazgy görkezse-de, Internet umuman işlemeýär. Читать дальше...
Türkmenistanda 1-njy maýdan administratiw düzgün bozmalar üçin jerimeleriň möçberi ýokarlandy. Resmi metbugatda bu üýtgetmeleriň ýurduň administratiw-hukuk gatnaşyklary baradaky kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygy aýdylan hem bolsa, bu ýagdaý polisiýa işgärleriniň ýazýan jerimeleriniň sanyna hem täsir ýetiripdir. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary soňky ýagdaýlar barada habar berýärler. "Jerimeleriň möçberi ýokarlanyp, her bir polisiýa işgärinden günde 20 jerime ýazmak talap edilýär. Читать дальше...
ABŞ-nyň harby güýçleri möhüm Hormuz bogazyndan geçýän söwda gämi gatnawyny ýola goýmak üçin edilýän täze tagallalara başlanlarynda, Eýranyň alty kiçi gämisini ýok edilendigini we Eýranyň raketalaryny hem-de dronlaryny tutup saklandygyny aýtdylar.