Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) käbirinde 2024-2025-nji okuw ýyly üçin türkmen dili hünäri boýunça döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän 60 kwota bölünip berildi. Bu barada garaşsyz neşir “turkmen.news” habar berýär.
Azatlyk Radiosynyň taýýarlan dokumental filminden soň, Türkmenistanda LGBTQ+ jemgyýetiniň, ýagny jynsy azlyklaryň wekillerine garşy reýdler geçirilip, häkimiýetler tarapyndan olara garşy basyş güýçlendi diýip, ýurduň polisiýa bölümlerindäki ygtybarly çeşmelerimiz aýdýarlar.