Hepdäniň başynda Türkmenistanyň günorta sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar oba infrastrukturalaryna zyýan ýetirdi, sürüjiler ýagyşdan soň, käbir köçelerde ulag dolandyrmakda heniz hem kynçylyk çekýärler. Şeýle-de sebitiň käbir ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleri ýagyş suwlarynda zaýa boldy.
Şu günler Mary welaýatynda gara reňkli detallary bolan, ýa-da goşmaça abzallar bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglara gözegçilik güýçlendi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.