Medwedew Daşkentde rus-özbek söwdasyny maslahatlaşar
Rus premýeri öz özbek kärdeşi Abdulla Arypow bilen hökümet başlyklarynyň derejesinde bilelikdäki komissiýanyň ilkinji mejlisini geçirer.
Şeýle-de, Medwedewiň prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşmagy planlaşdyrýandygy habar berilýär. Soňra rus hökümetiniň başlygy Daşkentden Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada ugrar diýip, “Rossiýa 24” habar berýär.