Lebap welaýatynda häkimiýetler 6-njy oktýabr – Hatyra güni ähli býujet işgärlerini pagta ýygymyna çykarmagy, şeýle-de ýygym işleri bilen bir hatarda şol güni gowaça meýdanlarynyň gapdalynda hatyra çärelerini geçirmegi meýilleşdirýärler.
Türkmenistanda VPN ulanyjylarynyň sany we gurnaýjylara edilýän basyş artýar. Internetiň yzygiderli petiklenmegi Türkmenistanda VPN hyzmatlaryna bolan islegi artdyrýarka, häkimiýetleriň ýöredýän gadaganlyklary we yzarlamalary ussalary gizlin işlemäge mejbur edýär we töwekgelçilikli ýagdaýa salýar. VPN gurnaýjylary Aşgabatda ýene-de tussag edilýär, käbirleri 15 günlük azatlykdan mahrum edilýär. Habarçylaryň sözlerine görä, internetiň petiklenmeginden aýlanyp geçmek üçin mümkinçilik berýän hyzmatlary... Читать дальше...
“Aşgabatdan Türkmenbaşa otly gatnawy her gün göz öňünde tutulan bolsa-da, bu ugur boýunça üpjünçilik ýolagçylaryň talabyny kanagatlandyryp bilmeýär. Kupelerde ýer tapmadyk adamlar 14 sagatlyk çemesi ýoly indi diňe bir geçelgelerde däl, eýse wagonlaryň arasyndaky geçitlerde hem ýatyp geçirýärler” diýip, ýakynda paýtagtdan Hazaryň kenaryndaky şähere syýahat eden habarçymyz şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi. Ol Aşgabatdan-Türkmenbaşa her gün gatnawy amala aşyrýan 606-njy belgili otlynyň sekiz plaskart... Читать дальше...
Türkmenistanda barha köp adamyň has gowy durmuş gözleginde ýurduň daşyna çykmaga ymtylýan wagty, daşary ýurtlarda iş bilen üpjün etmek wadalary bilen raýatlary aldawa salýan, hilegärdigi aýdylýan şahslar köpelýär. Marydaky habarçymyz soňky aýlar welaýatyň ençeme sebitinde aldawa düşüp, puluny aldyrdan adamlaryň has köp polisiýa arz edýändiklerini anyklady. Ol bu ýagdaýa düşen onlarça raýatyň biriniň başdan geçirenlerini gürrüň berdi. Söhbetdeşlerimiziň howpsuzlygy nukdaý nazaryndan anyk ýer we adam atlary äşgär edilmeýär. Читать дальше...
Lebap welaýatynda häkimiýetler 6-njy oktýabr – Hatyra güni ähli býujet işgärlerini pagta ýygymyna çykarmagy, şeýle-de ýygym işleri bilen bir hatarda şol güni gowaça meýdanlarynyň gapdalynda hatyra çärelerini geçirmegi meýilleşdirýärler diýip, sebit merkeziniň häkimliginden döwlet-edara kärhanalaryna iberilen tabşyrykdan habarly bir býujet işgäri aýdýar. Şol bir wagtda, Hatyra güni mynasybetli gowaça meýdanlarynyň gapdalynda sadaka çärelerini geçirmek üçin, býujet işgärlerinden adam başyna 20 manatdan pul toplanýar. Читать дальше...
4-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we sapar bilen Aşgabada gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow gepleşik geçirdiler. Türkmen resmi mediada Berdimuhamedowyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň uly ykdysady kuwwata eýedigini hem-de olaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy esasynda okgunly ösdürilýändigini belländigini habar berdi. Gepleşikler bilen ilteşikli başga goşmaça maglumat berilmedi. Mundan öň... Читать дальше...
“Freedom House” hukuk topary dünýädäki Internet azatlygynyň soňky 13 ýyldan bäri dowamly pese gaçýandygyny aýdýar. Bu barada toparyň 4-nji oktýabrda çap edilen ýyllyk hasabatynda bellenilýär. “Freedom House” munuň bilen bagly has çynlakaý ýagdaýlaryň Eýranda we Mýanmada bolandygyny, bu ýurtlarda Internetde özüni beýan edenleriň jenaýata çekilip, soňy bilen ölüme höküm edilendigini nygtaýar. Belarusda we Nikaraguada adamlar Internetde beýan eden garaýyşlary üçin “aždarha türme tussaglygyna” höküm edildi diýip, hasabatda aýdylýar. Читать дальше...
4-nji oktýabrda Türkiýäniň harby howa güýçleri Yragyň demirgazygynda bikanun yglan edilen Kürdüstanyň Işçiler Partiýasynyň (PKK) 58 nyşanasyny ýok etdiler. Bu 1-nji oktýabrda Ankarada hökümet binalarynyň golaýynda amala aşyrylan bombaly hüjümiň jogapkärçiligini kürtleriň söweşiji toparynyň öz üstüne almagyndan soň ýüze çykdy. Türkiýäniň Goranmak ministrligi soňky zarbalaryň geçen hepdäniň aýagyndan bäri amala aşyrylan üçünji operasiýa bolandygyny we onuň dowamynda PKK-niň köp söweşijileriniň ‘ýok edilendigini’ aýtdy. Читать дальше...
Gyrgyzystanyň howpsuzlyk gulluklary ýakasy gaýyşly jenaýat ketdesi Kamçy Kolbaýewi (Kamçybek Asanbek) öldürdiler. Ol 2011-nji ýylda Waşington tarapyndan global derejedäki neşe gaçakçylarynyň sanawyna goşulypdy. Milli Howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň 4-nji oktýabrdaky maglumatyna görä, Kolbaýew Bişkekde geçirilen ýörite operasiýanyň dowamynda “ýok edilipdir”. Onuň tussaglyga garşy çykandygy we howpsuzlyk güýçlerine garşy ýaragdan ot açandygy bellenilýär. Kolbaýewde jenaýat ketdeleriniň “Kanuny ogry”, ýa-da “Wor w zakone” derejesi bardy.