BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi ynsanperwer ýardamyň BMG-niň häzirki we geljekdäki ähli sanksiýalaryndan kadadan çykma görnüşinde boşadylmagyny tassyklady. Birleşen Ştatlar adamlary halas etjek we köpden bäri ýardamlaryň gowşurylmagyny bökdeýän sanksiýa problemasyny aradan aýyrjak ses berişlige “taryhy” diýip, baha berdi. Kanuny jogapkärçiligi özünde jemleýän çözgüt ynsanperwer guramalar tarapyndan derhal makullandy.
10-njy dekabrda çap edilen bir hasabata görä, Eýranda azyndan 24 demonstrasiýaçy häkimiýetleri tankytlaýan protestlere gatnaşanlary üçin ölüm jezasy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. “Etemad” eýran neşiri “Hudaýa garşy uruş alyp barmakda” aýyplanýan 25 demonstrasiýaçynyň kazyýet häkimiýetleri tarapyndan düzülen sanawyny çap etdi. Bu aýyplama yslamyň kanun ynanjyna görä ölüm jezasyna barabardyr.
Türkmenistanda täze informasiýa tehnologiýalary sözlüginiň ykjam goşundysy ulanyşa girizildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri habar berýär. “IT sözlük” atly täze ykjam goşundysynyň Android we iOS wersiýalary Google Play we App Store goşundy bazarlary arkaly köpçülige ýetirildi. Döwlet metbugaty elektroniki sözlügiň halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet akademiýasy we ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça Agentligi (USAID) bilen bilelikde taýýarlanandygyny habar berýär. Читать дальше...