Türkmen aktiwisti Gaspar Matalaýew “Zähmet hukuklaryny goraýjy” sylagy bilen sylaglandy
Bu sylagyň berilmegine bagyşlanan dabara 22-nji maýda, Waşingtonda boldy.
G.Matalaýew häzirki wagtda Türkmenistanda üç ýyllyk türme möhletini geçirýär. Aktiwist 2016-njy ýylyň oktýabrynda, Farap etrabynda mejbury zähmetiň ulanylyşy barada taýýarlan fotoreportažy çap edileninden iki gün soňra tussag eedildi.
Neşir onuň tussaglyk wagtynda elektrik togy bilen gynalandygyny we kezzaplyk hem-de para bermek synanyşygy aýyplamasyny boýun almaga mejbur edilendigini öňe sürýär.
Geçen hepde Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň öňünde aktiwist Gaspar Matalaýewyň türmeden boşadylmagyna çagyryp, 20-den gowrak adam piket geçirdi.