Belarusda uzak wagtlap awtoritar dolandyryjy Aleksandr Lukaşenka täze alty ýyllyk möhlet beren dawaly prezident saýlawyna garşy protestler we iş taşlaýyşlar 22-nji gün dowam etdirilýär. Belarus häkimiýetleri 9-njy awgustda geçirilen saýlawdan soňky protestleriň dowam etdirilmeginiň çäginde, bazar güni Minskiň Garaşsyzlyk meýdanynda we şäher merkeziniň beýleki ýerlerinde geçiriljek ýygnanyşyklaryň öňüsyrasynda demir haýatlary oturtdy. Belarus häkimiýetleri dawaly bolan prezident saýlawlaryndan... Читать дальше...
Rus häkimiýetleri "Belarusda saýlawlar geçirildi diýen netijeden ugur alýar" diýip, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin “Russiýa 1” telekanalaynyň alyp baryjysy Sergeý Brilew bilen geçirilen, 29-njy awgustda, altynjy gün efire berilmegi planlaşdyrylan söhbetdeşlikde aýtdy. “Biz olaryň kanunydygyny ykrar etdik. Bilşiňiz ýaly, men Aleksandr Grigoriýewiç Lukaşenkany bu saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen gutladym. Bolany: diýip, RIA Nowosti Putiniň sözlerini sitirledi. Putin oppozisiýa tarapyndan resmi netijeleri ret edilen saýlawdan bir gün soň... Читать дальше...
Türk aklawçysy Ebru Timtik 238 gün dowam eden açlyk protestinden soň, 43 ýaşynda Stambuldaky keselhanada aradan çykdy. Ol terrorçylyk aýyplamalary esasynda höküm çykarylan kärdeşleri we özi üçin adalatly sud seljermeleriniň geçirilmegini talap etdi diýip, “Associated Press” Timtigiň agzasy bolan progressiw aklawçylar birleşigine salgylanyp habar berýär. Ebru Timtik adam hukuklaryny goramagy hünär edindi we özüniň 17 kärdeşi bilen bilelikde radikal çepçi gurama, “Rewolýusion halk azat ediş partiýa-fronty”... Читать дальше...
Türkmen aktiwistleriniň üçünji protest çäresi 2-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň baş binasynyň öňünde geçiriler. Bu çäräniň hem ýerli wagt bilen sagat 12-de başlanjakdygy aýdylýar.
“Türkmenhowaýollary” Orsýetdäki wekilhanasynyň saýtynda halkara uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagyny şu ýylyň 30-njy sentýabryna çenli uzaldýandygyny habar berdi. Halkara uçar gatnawlarynyň ählisiniň ýatyrylmagynyň ýene bir aý uzaldylmagynyň sebäbi COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşdyrylýar. Bildirişde aýdylmagyna görä, ozal satyn alnan biletler 2021-nji ýylyň aýagyna çenli öz güýjünde galar we gatnawlary ýatyrylan ýolagçylar, uçar gatnawlary dikeldilenden soň, öz biletlerini görkezilen... Читать дальше...
Gepleşigimiziň bu sany pandemiýanyň fonunda Türkmenistanda täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyklara gönükdirilýär.