Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda ilatyň aýlyk, pensiýa we kömek pullaryny nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklary dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz iki habarçysy Lebapdan we Marydan habar berýär.
Çarşenbe güni Bütindünýä Welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen welosiped ýörişine müňlerçe resmi gatnaşdyryldy, ekssentrik lider Gurbanguly Berdimuhamedow ýörişiň başyny çekdi diýip, AFP habar agentligi Aşgabatdan habar berýär.
Amerikada 1-nji iýunda, zorlukdan we talaňçylykdan soň girizilen komendant sagadyna garamazdan, Nýu-Yorkorkdan Los Anjelse çenli aralykdaky onlarça şäherde guralan protest ýörişlerine on müňlerçe adam gatnaşdy.
Wladimir (ady üýtgedilen) eýýäm birnäçe ýyl bäri zir-zibil taşlanýan ýerlere aýlanyp, satyp boljak zatlary gözleýärdi. Ýaňy-ýakynda ol ýene-de şol ýere gitdi, emma yzyna dolanmady. Birnäçe gün geçensoň onuň hossarlary gözelege çykyp, onuň jesedini Aşgabadyň morglarynyň birinden tapdylar, onuň bedeninde ençeme şikes, kellesinde ýara bardy. Şeýle-de bolsa, lukmanlar onuň infarkdan ölendigini aýtdylar. Türkmenistanda zir-zibil dörmegiň köpler üçin gün görmegiň çeşmesine öwrülendigi barada Azatlyk Radiosy ençeme gezek ýazypdy. Читать дальше...
Gülbahar Reýimowa Türkiýä zähmet migrasiýasyna çykmazyndan öň hiç bir dertden ejir çekmändir we bu ýerde bagry agyryp, çişip ugrandan soň, tanyşlarynyň kömegi bilen Samatýa hassahanasyna ýerleşdirilipdir.
Mundan beýläk, paýtagtyň döwlet dükanlarynda edilen bir gezeklik söwdada 1 litr ösümlik ýagy bilen bir hatarda, onuň gapdalyndan bahasy 7 manatdan ýarym kilogram nohut ýa-da tüwi satyn almak talap edilýär.
Türkmenistanda, dünýädäki koronawirus pandemiýasynyň arasynda, müňlerçe adamyň gatnaşmagynda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Türkmenistan koronawirus hassalarynyň hasaba alynmandygyny aýdan dünýädäki birnäçe döwletiň biridir. Ýurtda wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adamlaryň arasyndaky sosial aralyk berjaý edilmän, köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi dowam etdirilýär. Resmi maglumata görä, 3-nji iýunda 7 müň 500 adamyň gatnaşmagynda welosiped ýörişi, şeýle-de munuň bilen baglylykda... Читать дальше...
ABŞ-nyň onlarça şäherinde geçirilýän protestleriň koronawirusyň ýaýramagynyň gerimini artdyryp biljekdigi barada aladalar bildirilýär. Bu aralykda, Ýewropanyň aglaba döwletinde wirusa ýolugýanlaryň sanynyň azalmagy bilen, ozal girizilen käbir çäklendirmeler gowşadylyp başlandy. Italiýa 3-nji iýunda syýahatçylar üçin serhetlerini açdy. Mundan bir gün öň, Fransiýa hem käbir çäklendirmeleri gowşadyp, Parižde kafeleriň köçelerdäki terasalarynyň açylmagyna rugsat berdi. Birleşen Ştatlarda ýaragsyz... Читать дальше...
ABŞ-da 2-nji iýunda protestçiler, şäherlerde girizilen komendant sagadyna garamazdan, Minneapolisde ýaragsyz garaýagyz bir adamyň polisiýa tarapyndan öldürilmegine nägilelik bildirip, tertip sekizinji gije köçelere çykdylar. Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýorkdan Los Anjelese çenli, onlarça şäherinde komendant sagady girizildi. Prezident Donald Tramp gubernatorlara Milli Gwardiýany çagyrmaklary üçin basyş edýär. Mundan bir gün öň, Tramp Jorj Floýdyň (George Floyd) öldürilmeginden soň ýüze çykan bidüzgünçilikleri... Читать дальше...
“Talyban” jeňçileri “Al-Kaýda” terroristiki topary bilen, ABŞ bilen baglaşan parahatçylyk ylalaşygynda oňa garşy söweşmäge borçlanandygyna garamazdan, heniz hem ýakyn gatnaşyklary saklaýar diýip, BMG-niň soňky hasabatynda bellenilýär. “Talyban” 1-nji iýunda ýaýradylan hasabaty “esassyz” atlandyryp, ony tankytlady. Fewral aýynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, “Talyban” beýleki jeňçi toparlaryna garşy söweşmäge we olaryň Owganystany Birleşen Ştatlara we onuň ýaranlaryna garşy hüjümleri amala... Читать дальше...
Gülbahar Reýimowa Türkiýä zähmet migrasiýasyna çykmazyndan öň hiç bir dertden ejir çekmändir we bu ýerde bagry agyryp, çişip ugrandan soň, tanyşlarynyň kömegi bilen Samatýa hassahanasyna ýerleşdirilipdir.