Pakistan syýahatçylyk pudagyny ösdürmek üçin sosial mediadaky täsirli adamlary, şol sanda bloggerleri we wloggerleri gujak açyp garşy aldy. Ýöne käbir tankytçylar günbatarly ýaş wloggerleriniň Pakistanyň konserwatiw medeniýetini we söweş howpuny ünsden düşürip, ýurdy sada görnüşde suratlandyrýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly mejlisini geçirdi.
Erdogan parlamentde öz partiýasynyň agzalary bilen geçen duşuşykda: “Biz bu karara problemalarymyzy demokratiýanyň we kanunyň çäginde çözmäge bolan islegimizi güýçlendirmek üçin, iň gowy ädim diýip garaýarys” diýdi.
Türkmenistanyň müftüsi şu ýyl adamlaryň bermeli oraza pitreleriniň möçberi barada fetwa çykardy.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň resmileri döwletleriň özara serhedini ylalaşmak we kesgitlemek meselesi boýunça ýene-de pikir alyşdylar. Döwlet serhediniň ylalaşylmagy we kesgitlenmegi boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara komissiýasynyň işçi toparlarynyň nobatdaky maslahaty 29-njy aprel we 5-nji maý aralygynda Özbegistanyň Urgenç şäherinde geçirildi. Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar döwlet serhedinde bilelikde geçirilen topografiýa-geodeziýa... Читать дальше...
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň paýtagty Türkmenabat şäherinde býujet işgärleri, ýokary okuw jaýynyň studentleri, mekdep okuwçylary we ýaşulular ýurduň döwlet telekanallaryna surata almak üçin geçirilen Ýeňiş güni dabarasyna mejbury gatnaşdyryldy.
Rim papasy Fransis ilkinji gezek Demirgazyk Makedoniýa sapar bilen geldi. Paýtagt Skopýede Fransisy Demirgazyk Makedoniýanyň wezipesinden gidip barýan prezidenti Gjorge Iwanow garşylady. Demirgazyk Makedoniýa uly bolmadyk Balkan döwleti bolup, onuň ilaty 2.1 millona barabardyr. Ilatyň aglabasy prawoslaw hristiýanlarydyr. Şol bir wagtda, ýurtda etniki alban musulmanlarynyň hem uly jemgyýeti ýaşaýar. Olar ilatyň dörtden bir bölegini emele getirýärler. Demirgazyk Makedoniýada 15 müň katoligiň ýaşaýandygy çaklanylýar. Читать дальше...
ABŞ tebigy serişdelere baý Arktikada Russiýanyň we Hytaýyň “agressiw” hereketlerine jogap edip, bu sebitdäki hereketlerini artdyrar diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo çykyş etdi. “Bu güýjüň we bäsdeşligiň sebitine öwrüldi. Arktik döwletleriniň sekizsi hem bu täze geljege uýgunlaşmalydyr” diýip, Pompeo 6-njy maýda Finlýandiýada çykyş etdi. Onuň çykyşy Arktik Geňeşine agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň öňýanyna gabat geldi. Arktik Geňeşine: ABŞ, Russiýa, Kanada, Daniýa... Читать дальше...
NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg Türkiýäniň rus howa hüjüminden goranyş raketa ulgamyny satyn almak planlary sebäpli ýüze çykyp biljek mümkin netijelere alada bildirdi. Stoltenberg bu barada 6-njy maýda Ankarada Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynyň dowamynda çykyş etdi. Bu Türkiýäniň S-400 ýer-howa kysymly raketa ulgamyny satyn almak baradaky planlary sebäpli Waşington bilen Ankaranyň gatnaşyklarynyň dartgynlaşan döwrüne gabat geldi. Читать дальше...
Deli şäheriniň aeroportunda dördüsi Türkmenistanyň raýaty, jemi bäş ýolagçy bahasy ortaça 288 müň 140 amerikan dollary möçberindäki gyzyly bikanun ýollar bilen Hindistanyň çägine saljak bolanda, gümrük resmileri tarapyndan tussag edildi.
Pakistanyň demirgazyk-günbatar sebitinde jeňçilerdigi öýdülýän ýaraglylar howpsuzlyk güýçleriniň iki sany aýry ulag kerwenine hüjüm edip, dört esgeri öldürdiler, başga-da onusyny ýaraladylar. Waka “Talybanyň” ozalky berkitmesi bolan Demirgazyk Waziristan sebitinde ýüze çykdy. Ýerli resmiler hüjümçileriň soňy bilen Owganystanyň serhedine tarap gaçandyklaryny aýdýarlar. Hüjümleriň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Mundan birnäçe gün öň, Demirgazyk Waziristanda onlarça söweşiji serhetden geçip, üç esgeri öldüripdi. Читать дальше...