Awstriýanyň wise-kansleri Haýns Kristian Ştrahe (Heinz-Christian Strache) gizlinlikde düşürilen wideo çap edilenden soň işden çekildi, ol bu ýazgyda, syýasy goldawyň deregine, mümkin bolan rus donaryna gymmatbaha hökümet şertnamalaryny teklip edýän şekilde görünýär.
"Men Awstriýanyň kansleri [Sebastian] Kurza wise-kanserlikden çekilmek hakyndaky arzamy berdim, ol bu karary kabul etdi” diýip, Ştrahe 18-nji maýda telewideniýede berlen beýanatynda aýtdy.
Sştrahe özüniň hiç bir kanuny bozmandygyny aýdyp, “örän oňaýsyz serhoşlyk ýagdaýyny” boýun aldy.
Ol transport ministri Norbert Hoferiň öz ornuna geçjegini hem sözüne goşdy.
Ştraheniň işden çekilmegi “Der Spiegel” žurnalynyň we “Sueddeutsche Zeitung” gazetiniň çap eden wideosynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu wideoda ol orsýetli baý we mümkin bolan donor bolup görünýän aýala infrastruktura şertnamalaryny teklip edýän görnüşde görünýär.