Добавить новость

Суд запретил французской Engie вести спор с Газпром экспортом за рубежом

РНБ представит справочник о высших чиновниках Российской империи

Универсалы поборются за титул «Вагон года»

Два нижегородских университета вошли в топ-100 рейтинга лучших вузов России

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Çeşme: Uçar biletleriniň gymmatlamagy dollaryň kursuna bagly

Çeşme: Uçar biletleriniň gymmatlamagy dollaryň kursuna bagly

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleriniň sözlerine görä, "Türkmenhowaýollarynyň" uçar biletleriniň häzir gymmatlamagyna walýuta kursy täsir ýetiripdir.

Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri üýtgewsiz galýan bir dollara 3.5 manat möçberindäki resmi kurs gara bazardakysyndan şu günki gün bäş ýarym esse pes.

"Biz türkmen howa ýollaryna maliýe goldawyň berilýändigini we girdejili  kärhana däldigini bilýäris. Mälim bolşuna görä, ýurduň raýatlaryna biletler manada satylýar, şol bir wagtda-da daşary ýurtlular dollarda satyn almaly bolýarlar. Şeýlelikde, dollaryň resmi we gara kurslarynyň arasyndaky tapawudy sebäpli türkmenler üçin biletler has arzan düşýärdi. Meselem, Stambula uçar bileti 3 müň manada durýardy. Hakyky kurs boýunça bu 160 dollara barabar. Emma daşary ýurtlylar biziň howa kompaniýamyzyň üsti bilen bilet satyn aljak bolsa, ol 800 dollar tölemeli" diýip, azatlyk bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan hökümete ýakyn çeşme gürrüň berdi.

Türkmenistanda amerikan dollarynyň gara bazardaky nyrhy 3-nji maýda Aşgabatda 19 manat töwereginde boldy.   

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda "Türkmenhowaýollarynyň" uçar biletleriniň bahasy, meselem Aşgabat-Moskwa aralygynda 4 338 manada barabar. Resmi kursdan bu 1240 amerikan dollaryna barabar bolýar. Üstesine, bilet açyk satuwda tapdyrmaýar. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, araçylar arkaly satyn almak üçin paranyň möçberi 50 dollardan başlanýar.

2-nji maýda "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri "Türkmenhowaýollarynyň" uçar biletleriniň iki esseden gowrak gymmatlandygy barada habar berdi. Maglumata görä, Aşgabatdan Stambula uçar biletiniň bahasy 3 müň manatdan 7 müň manada çenli galypdyr. Resmi kursdan hasap edilende bu 2000 müň amerikan dollaryna barabar bolýar. 

Azatlyk Radiosy "Tükrmenhowaýollarynyň" Aşgabatdaky baş edarasyndan resmi maglumat alyp bilmedi, emma kompaniýanyň Orsýetiň Sankt Peterburg şäherindäki bölüminde biletleriň gymmatlamagynyň adaty bir ýagdaýdygyny Azatlyk Radiosyna aýtdylar, emma biletleriň gymmatlamagy bilen bagly häzirki ýagdaýa degişli maglumat bermekden saklandylar.

Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şertlerde söhbetdeş bolan çeşmämiziň bellemegine görä, Türkmenistana uçar gatnadýan daşary ýurtly howa kompaniýalar öz biletlerini diňe dollara satýarlar. 

"Bellemeli ýeri, daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda "Turkish Airlines" we "S-7" öz biletlerini hemmä deň dollara satýarlar. Şonuň üçin türkmenistanlylar öz milli kompaniýasyndan bilet satyn alýardylar. Indi bolsa bahalar daşary ýurtly kompaniýalaryňky bilen deňleşdi. Meselem, "Turkish Airlines" şirketiniň biletleri 350-400 manada durýar, emma olary hem tapmak kyn bolýar" diýip, çeşmämiz belledi.

Türkmenistandan daşary ýurtlara uçar gatnadýan halkara reýslere biletleriň gymmatlamagyndan daşary, ýurduň daşyna gitjek bolýan ýolagçylaryň uçardan düşürilmegine degişli ýagdaýlar hem dowam edýär. Aşgabadyň hallara aeroportunda günde onlarça adam, köplenç sebäbi düşündirilmezden migrasiýa gullugy tarapyndan uçardan düşürilýär.

"Türkmenhowaýollary" Türkmenistanyň ýeke-täk howa kompaniýasy bolup, döwletiň gözegçiliginde saklanýar. Käbir synçylar halkara reýslerine uçar biletleriniň gymmatladylmagynyň sebäbini häkimiýetleriň ýurt ilatynyň daşary ýurtlara migrasiýasyny azaltmak boýunça tagallalary bilen baglanyşdyrýarlar. 

"BIetleriň gytmmatladylmagy diňe bir kommersiýa bagly karar bolman, eýsem häkimiýetleriň raýatlaryň ýurduň daşyna gitmegine päsgel bermek synanyşygy bilen hem bagly. Bahalaryň gymmatlamagy adamlaryň ýurduň daşyna gitmegini belli bir wagt aralygynda çäklendirer, emma adamlar soň pul ýygnarlar, bahalara öwrenişerler" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran türkmenistanly söhbetdeşimiz aýtdy. 

2017-nji ýylyň mart aýynda türkmen hökümeti "Türkmenhowaýollarynyň" eýeçilik formasyny üýtgedip, ony paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça kararyny yglan etdi. 

2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda "Türkmenhowaýollary" täze döredilen Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň garamagyna berildi. 

Käbir tassyklanmadyk maglumatlara görä, kompaniýanyň işine ýurduň ýolbaşçylaryna ýakyn adamlar gözegçilik edýärler. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Выставка «Пушкин и Муза» известного художника из Узбекистана Виктора Апухтина открылась в Музее изобразительных искусств Кузбасса

Суд запретил французской Engie вести спор с Газпром экспортом за рубежом

Путин пригласил Ким Чен Ына посетить Москву с ответным визитом

В России может появиться электросамокатная полиция

Музыкальные новости

Концертный директор для музыкантов. Концертный директор для певцов. Концертное агентство в Москве. Букинг агентство. Организация концертов и гастролей.

В Пулково задерживаются шесть рейсов

В аэропорту Пулково задержали шесть рейсов и отменили еще один

В Бурчтии в театре кукол «Ульгэр» 14-16 июня пройдут «Волшебные выходные»! - Театр и Цирк, Культура и Концерт, Россия и Дети

Новости России

Визит Путина в КНДР показателен, формируется новый геополитический блок – киевский эксперт

РНБ представит справочник о высших чиновниках Российской империи

Суд запретил французской Engie вести спор с Газпром экспортом за рубежом

Два нижегородских университета вошли в топ-100 рейтинга лучших вузов России

Экология в России и мире

Закрытый Кипр: российские туроператоры возобновили продажу туров на остров Афродиты несмотря на санкции, спрос туристов превзошёл все ожидания

Фрукт с сюрпризом: доктор Кутушов рассказал, чем опасен съеденный червь

Россиянам предложили премиальные туры сразу в 2 страны: рейсы начнутся из 8 российских городов

Как Россия уступила Азербайджану значительные территории Дагестана и два села

Спорт в России и мире

Россиянка Людмила Самсонова выиграла турнир WTA в Хертогенбосе

Самсонова обыграла Александрову и вышла в финал турнира WTA в Хертогенбосхе

Экс-теннисист Ольховский: россияне могут хорошо выступить на Уимблдоне

Овечкин, Яковлев, Фридзон и Мыскина сыграли в падел-теннис в Турции: «Победила дружба»

Moscow.media

В России запустили бесплатного цифрового ЗОЖ-помощника

Проект «Энерго Сервис» и Деснола номинирован на конкурс «1С:Проект года»

В Екатеринбурге начался второй этап опрессовок

На одном из перекрестков Северного района Орла не разошлись мотоцикл и микроавтобус











Топ новостей на этот час

Rss.plus






В России может появиться электросамокатная полиция

Путин пригласил Ким Чен Ына посетить Москву с ответным визитом

Два нижегородских университета вошли в топ-100 рейтинга лучших вузов России

Визит Путина в КНДР показателен, формируется новый геополитический блок – киевский эксперт