Добавить новость

В Перми спортсмен получил травмы, катаясь в экстрим-парке

«Ночи станут менее душными»: когда в Москве закончатся проливные дожди

В Севастополе оштрафовали оператора сотовой связи на 600 тыс. рублей

В Москве и Подмосковье объявлен «желтый» уровень погодной опасности

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täjigistanda okaýan türkmen studentleri Türkmenistana gitmekden howatyrlanýarlar

Täjigistanda okaýan türkmen studentleri Türkmenistana gitmekden howatyrlanýarlar

Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentler Türkmenistana gitmekden howatyrlanýarlar. Studentleriň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyna döredýän migrasion çäklendirmeleri muňa sebäp bolýar. Üstesine, Türkmenistanyň bilim ministrligi ýaňy-ýakynda çap eden sanawy bilen ýurtda mundan beýläk ykrar ediljek daşary ýurt okuw jaýlarynyň sanyny çäklendirdi.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň Duşenbedäki habarçysy Mullorajab Ýusufiniň sözlerine görä, diňe bir Täjigistanyň pedagogika döwlet uniwersitetinde bilim alýan 100 çemesi türkmenistanly, şeýle-de Medisina uniwersitetinden birnäçe adam şu okuw ýylynyň başyndan bäri Türkmenistana gidensoň yzyna dolanyp bilmändir.

Türkmenistanly studentleriň öz ýurduna gidensoň ýurtdan çykyp bilmeýändigini Täjigistanyň bilim resmileri hem tassyklaýarlar. 

Täjigistanyň pedagogika uniwersitetiniň prorektory Aazam Baýdulloýew bu ýokary okuw jaýynyň käbir studentleriniň Türkmenistana gidip, okuwyny dowam etdirip bilmändigini aýtdy.   

Baýdulloýewiň 23-nji aprelde Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasyna hem ýüz tutupdyr.

"Studentler bizden Täjigistana wiza etmek üçin çakylyk ibermegi soraýarlar. Hatda şonda-da studentler, gelip bilmeýändigini habar berýärler. Gidenleriň köpüsi gaýdyp bilmedi. Studentleriň biri 2018-nji ýylyň oktýabrynda ejesi ýogalanda gidip, soň gaýdyp bilmedi. Şeýle-de, biz ilçihana ýüz tutup, studentleri getirmekde ýardam soradyk, ol ýerde bize kömek berip bilmejegini aýtdylar" diýip, Baýdulloýew aýtdy.

Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen studentleriniň ýüzlerçesi şu okuw ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň daşyna çykmakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Täjigistanyň paýtagtynyň we beýleki şäherleriniň ýokary okuw jaýlaryna okuwa giren türkmenistanlaryň ýüzlerçesiniň Türkmenistanyň serhetlerinden geçip bilmändigi awgustyň aýagynda köpçülige mälim boldy. Käbir maglumatlara görä, şonda 1 müň çemesi adam Täjigistana gaýdyp bilmändir.

Täjigistanyň pedagogika uniwersitetiniň prorektory Aazam Baýdulloýew bu okuw jaýyna Täjigistanyň beýleki ýokary okuw jaýlaryna garanda türkmenistanly studentleriň köp gyzyklanma bildirýändigini belledi. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýaňy-ýakynda düzen ýurduň resmi taýdan ykrar edýän ýokary okuw jaýlarynyň sanawynyň studentleriň sanyna täsir ýetirmejegine garaşýar.

Täjigistanyň häkimiýetleri migrasion päsgelçiliklere garamazdan, türkmen studentleriniň Täjigistanda bilim almagyny dowam etdirýändigini aýdýarlar. Resmi sanlara görä, Täjigistanda iki müňden gowrak türkmenistanly bilim alýar, olaryň aglaba köpüsi pedagogika ugrundan. Garaşsyz çeşmelerde Täjigistanda türkmen studentleriniň sanynyň 4 müňe golaýdygy aýdylýar. 

31 ýaşly Dünýä Holdorowa Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy. Ol matematika mugallymy käri boýunça Täjigistandaky Bütindünýä ykdysady uniwersitetinde bilim alýar. Onuň sözlerine görä, onuň kursdaşlarynyň köpüsi öz öýlerine Türkmenistana gidip bilmeýär, olar soň ýurtdan çykyp bilmejeginden howatyr edýärler.

Şeýle-de, Dünýä käbir Türkmenistana gitmän Täjigistanda galýan türkmenistanlylaryň eýýäm ýokary bilimlidigini belleýär. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda ýokary bilimlileriň köpüsine iş ýok.

"Indi Türkmenistandan Täjigistana studentler pedagogika ugrundan bilim almak üçin gelýärler. Diňe biziň bäş müň ýaşaýjyly obamyzdan Duşenbede 50 adam okaýar. Türkmenistanda mugallymlaryň aýlygy 500 dollar, şonuň üçin ýaşlar mugallym bolmak isleýärler. Emma hökümet olary iş orunlary bilen üpjün edip bilenok" diýip, türkmenistanly student aýdýar.

Täjigistanly synçylar Türkmenistanyň öz raýatlarynyň daşary ýurtlarda bilim almagyna degişli kynçylyklaryna çözgüdiniň ýokdugyny, şonuň üçin ýurt häkimiýetleriniň çykalga gözlemegiň ýerine döreýän meseleleri ýaşyrmaga çalyşýandygyny belleýärler. 

Türkmenistanyň häkimiýetleri we habar beriş serişdeleri ýurt raýatlarynyň daşary ýurtlarda bilim almagynyň we ýurduň daşyna çykmagynyň öňünde döreýän päsgelçilikleri açyk boýun almaýarlar we munuň sebäplerini düşündirmeýärler. Türkmenistan daşary ýurtlarda okaýan raýatlarynyň statistikasyny hem çap etmeýär.

Dürli maglumatlara görä, azyndan onlarça müň türkmenistanly ýokary bilim almak üçin ýylda daşary ýurtlara gidýär.  

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň çap eden we Hytaýyň, Orsýetiň, Türkiýäniň, Hindistanyň we ýene birnäçe ýurduň ýokary okuw jaýlaryny öz içine alýan sanawynda Täjigistanyň ýokary okuw jaýlary görkezilmeýär.  

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

«Ночи станут менее душными»: когда в Москве закончатся проливные дожди

КЧР. В Москве состоялся фестиваль, на котором представили культуру Карачаево-Черкесии

В Подмосковье проходит онлайн-конкурс для предпринимателей

В Москве и Подмосковье объявлен «желтый» уровень погодной опасности

Музыкальные новости

Собянин сообщил о планах благоустройства территорий школ и детских садов

Владимир Путин, Дмитрий Медведев, Анатолий Голод: ПРИЗНАНИЕ НАТО НАДО ПРИМЕНЯТЬ!

В Пензе стартовали соревнования по по мотокроссу на Кубок главы города

МОК не допустил до Олимпиады сильнейших борцов и тхэквондистов из России

Новости России

В Перми спортсмен получил травмы, катаясь в экстрим-парке

XVIII международный фестиваль «Зеркало» объявил программу и жюри

«Ночи станут менее душными»: когда в Москве закончатся проливные дожди

Два вуза Подмосковья вошли в топ-100 лучших учебных заведений России

Экология в России и мире

Спрос на «русское» золото 585 пробы стабильно растет – исследование «585*ЗОЛОТОЙ»

Россиянам предложили премиальные туры сразу в 2 страны: рейсы начнутся из 8 российских городов

Звезды оперной сцены представят I Международный фестиваль «Мир классического романса»!

Mishel Dar и его главный хит лета: «Лети»

Спорт в России и мире

Скачков и Тайлакова выиграли соревнования по настольному теннису на Играх БРИКС

Теннисисты Медведев и Рублев сохранили позиции в рейтинге ATP

Россиянка Людмила Самсонова выиграла турнир WTA в Хертогенбосе

Курникова показала трогательные фото Энрике Иглесиаса

Moscow.media

Кинотеатр GOS-FILM: твой гид в мире фильмов

Мост в Нагатинском затоне готовят к установке пилонов

Портативный сканер штрих-кодов Heroje C1271 промышленного класса

BIA Technologies повысила производительность сборки специй в компании FOSFOREL на 15%











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Почти 1000 человек приняли участие в «МедЗабеге»

В Подмосковье проходит онлайн-конкурс для предпринимателей

В Москве и Подмосковье объявлен «желтый» уровень погодной опасности

Два вуза Подмосковья вошли в топ-100 лучших учебных заведений России