Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Wäşi Zelenskiý Ukrainanyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Telewizion waşi Wolodimir Zelenskiý syýasatda täze adam bolsa-da şenbe günki prezidentlik saýlawlarynda häkimiýet başyndaky Petro Poroşenkodan üstün çykana meňzeýär. Saýlawlar ýurduň ykdysady kynçylyk çekýän we Krym ýarym adasynyň üstünde Orsýet bilen urşy başdan geçirýän döwrüne gabat geldi.


21-nji aprelde geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda berlen sesleriň 73.2 prosentiniň hasaplanmagynda Zelenskiý 73.1% ses toplady, 53 ýaşly milliarder Poroşenko diňe 24.6 % sese eve boldy. Bu sanlar deslapky çaklamalara deň geldi.


Zelenskiý prezidentlige dalaş edende özüni "sistemany dargatmak üçin gelen ýönekeý adam" diýip atlandyrdy we Ukrainada orsýetçi separatistler bilen bäş ýyllyk uruşyň fonunda syýasatyň korrupsiýa we garyndaşparazlyga batandygyny belledi. 


Poroşenko deslapky sanlaryň mälim bolmagynyň yzýany eden çykyşynda özüni Orsýetiň agressiýasyny gowşatmaga ukyply syýasatçy diýip atlandyrdy.


"Men meniň ýeňşimi ýaňyja gutlan Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenka örän minnetdar" diýip Zelenskiý 21-nji aprelde saýlaw nokatlaryň ýapylan badyna eden çykyşynda aýtdy.


Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Zelenskini garaşylan ýeňişi bilen gutlady. Gutlaglar Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Britaniýanyň daşary işler ministri Jeremi Hunt tarapyndan hem edildi.


Ýerli neşirler ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Zelenskini gutlamak üçin onuň bilen telefonda gepleşendigini aýtdy. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus