Demirgazyk Irlandiýadaky gozgalaňda bir žurnalist atylyp öldürildi
19-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň polisiýa gullugy 29 ýaşly derňewçi žurnalist Lira Makkiniň (Lyra McKee) gozgalaňlar döwründe atylan okdan soň ölendigini mälim etdi.
Makki özüniň soňky tweetinde polisiýa bilen gozgalaňçylaryň arasyndaky gapma-garşylygy “düýbünden akylsyzlyk” diýip häsiýetlendirdi.
Polisiýanyň başlygynyň kömekçisi Konstebl Mark Hamiltonyň aýtmagyna görä, gozgalaňlar döwründe ýaragly adam polisiýa tarap birnäçe gezek ot açdy.
“Biz munuň terrorçylykly aktdygyna ynanýarys. Biz munuň “Täze Iradaky” ýowuz dissident respublikanlar tarapyndan amala aşyrylandygyna ynanýarys” diýip, Hamilton aýtdy.