Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon iki günlük resmi sapar bilen 16-njy aprelde Moskwa geldi. Bu barada Kreml maglumat berýär.
Rahmon rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygynyň dowamynda “iki taraplaýyn gatnaşyklara degişli möhüm meseleleri, şeýle-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar pudaklaryndaky özara hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerini maslahat eder. Gepleşikleriň dowamynda möhüm regional meseleler barada hem pikir alyşylar” diýip, maglumatda bellenilýär.
Moskwadaky gepleşikleriň dowamynda Rahmon bilen Putiniň ençeme dokumentlere hem gol goýmaklaryna garaşylýar.